Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň tebigaty – döwrüň ajaýyp sungaty

0
3360

Ak şäherimiz Aşgabat  140 ýyl mundan ozal ýurdumyzyň tebigatynyň iň owadan ýerinde – başy belent Köpetdagyň eteginde, bagy-bossanly ýaýlada döredilipdir. Gözel pagtagtymyzyň özboluşly bir täsin tebigy gözelligi bu ýere gelen her bir ynsany özüne çekýär. Hut şu nykdaýnazardan-da, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda» 140 ýaşyna gadam basan baş şäherimiziň tebigy özboluşlylygy barada söhbet etmeklik diýseň ýakymlydyr.

Aşgabat Köpetdag etegindäki düzlükde we Garagum çölüniň oňa ỳanaşỳan böleginde, deňiz derejesinden 214 – 240 metr belentlikde, demirgazyk giňligiň 370 31' gündogar uzaklygyň 570 31' ỳerleşỳär. Şäheriň meỳdany dag etekden çöllüge tarap kem-kemden peselỳär.

Aşgabat şäheri ykdysady – geografik jähtden amatly ỳerde ỳerleşỳär. Ol ỳurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirỳän ulag ỳollarynyň çatrygydyr. Bu ỳerden Türkmenbaşy – Türkmenabat, Aşgabat – Daşoguz demir we gara ỳollary geçỳär. Halkara aeroporty arkaly Aşgabat dünỳäniň dürli döwletlerini birleşdirỳän howa ỳollarynyň çatrygy hasaplanỳar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady merkez hökmünde ösmegine uly ỳardam edỳär.

Şäheriň çöller zonasynyň günortasynda ỳerleşỳänligi sebäpli, klimaty gurak subtropik häsiỳetlidir. Howanyň ortaça ỳyllyk kadasy 16,3°-a deň. Ýanwar aỳynyň ortaça temperaturasy +0,8°, iýul aỳynda +30,5°, absolỳut maksimumy bolsa +48°-a ỳetỳär. Sowuk däl döwrüñ dowamlylygy 232 güne barabar. Köp ýyllar boýunça ortaça ygalyñ möçberi 257 mm-e deñdir.

Aşgabat şäheriň suw üpjünligi Garagum derỳasynyň, Köpetdagdan akyp gelỳän uly bolmadyk çeşmeleriň we ỳerasty suwlaryň hasabyna amala aşyrylỳar. Şäheriň ỳerleşỳän ỳeriniňmele topragy ỳokary hasyllylygy bilen tapawutlanỳar. Bu bolsa onuň çäginde we töwereginde dürli ekinleri we agaçlary ösdürip ỳetişdirmäge mümkinçilik berỳär. Şol sebäpli paýtagtymyz Aşgabat durmuş-ykdysady geografiýanyñ hünärmenleri tarapyndan aýratyn durmuş-ykdysady sebit hökmünde ykrar edildi.

Ak şäherimiz Aşgabadyň XX asyrdaky tebigy özboluşlylygy barada A.Babaýew bilen Z.  Freýkiniň 1957-nji ýylda «Türkmenistan döwlet neşirýaty» tarapyndan neşir edilen «Aşgabat» atly geografik oçerkiniň «Aşgabadyň geografiki ýagdaýy we tebigy şertleri» diýen bölüminde şeýle  beýan edilipdir. «Aşgabat – Türkmenistanyň iň uly şäheri we paýtagtydyr. Aşgabat  ýurdumuzyň günortasynda demirgazyk giňişliginiň 37°37'-da we gündogar uzynlygynyň 57°53'-da, ýurdumyzyň Eýran bilen döwlet araçäginiň onlarça kilometrliginde, Köpetdagyň alynky gerişiniň 15 kilometrliginde ýerleşýär. Demirgazykda şähere ägirt uly Garagum çöli ýakyndyr.

Aşgabat günorta-gündogar demirgazyk-günbatar tarapa 15 kilometre çenli uzalyp gidýär. Şäheriň  ini 10 kilometre golaýdyr. Köşi obasy şäheriň administratiw taýdan günbatar çägi bolup, Aşgabat obasy bolsa gündogar çägidir. Şäheriň ösmegi mynasybetli şu obalarynyň ikisi-de şähere kem-kemden ýakynlaşyp, şäher etegine öwrüldiler.

Aşgabatdan ýurdumyzyň iň günbatar çetki şäheri bolan Krasnowodskä (Türkmenbaşa) çenli 550 kilometrdir we iň gündogar çetindäki Çärjew şäherine çenli bolsa 587 kilometrdir.

Aşgabat şäher territoriýasynyň relýefiniň häsiýeti ýeriň geologiki gurluşynyň aýratynlyklary  bilen pugta baglanşyklydyr. Relýef günortadan demirgazyk tarapa çala eňňitli düzlükdir. Aşgabadyň günortasyndaky  baýryň üstünde durup, şähere seretsek, onda onuň çöketlikde ýerleşendigini göreris. Absolýut beýiklikleri demirgazyk-gündogardan günorta-günbatar tarapa dört kilometriň dowamynda 214 metrden 226 metre çenli üýtgeýär. Emma şäheriň Köşi baýrynyň belenliginiň eňňitlerinde ýerleşen çetki günorta-günbatar bölegi onuň ýaly däldir, bu ýerde absolýut beýiklik 226 metrden 280 metre çenlidir.

Aşgabat klimat babatynda tropikleriň daşyndaky çölleriň günorta podzonasynda ýerleşýär. 1892-nji ýylda şäher metrologiýa bekedi stansiýasy açyldy. Şu stansinyň telim ýyllap toplan maglumatlaryna görä, respublikanyň şäherleriniň köpüsünde boluşy ýaly, Aşgabadyň klimaty hem örän yssy we gurak tomusly we başga şäheriňkä garanyňdan gysga üzül-kesil üýtgäp durýan kontinental klimatdyr. Klimatyň kontinentallygy şäheriň materigiň içerisinde ýerleşýänligi bilen we bütin respublikanyň bolşy ýaly Aşgabadyň hem iri suw basseýinlerinden daşda hem-de Garaguma ýakyn bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Aşgabat şäherinde bütin ýylyň dowamynda esasan ýagyş görnüşinde ýagýan ygallaryň umumy mukdary  orta hasap bilen 150-250 millimetr bolýar. Ygallaryň takmynan 75 prosenti ýaz aýlary ýagýar».

Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda merjen şäherimiz Aşgabadyň tebigy gözelligine, bagy-bossanlygyna aýratyn üns berildi. 1992-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti “Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek hakynda” ýörite Karar kabul etdi. Bu Karara laýyklykda her ýylyň güýz we ýaz möwsümlerinde paýtagtymyzy we welaýatlarymyzda agaç nahallaryny oturtmak, ozal bar bolan baglary hapa-haşal otlardan arassalamak, suwarmak hem-de agaçlaryň düýbüni ýumşatmak ýaly işleri geçirmeklik bellendi.

1998-nji ýylda Aşgabadyň howa giňişligini arassalamak maksady bilen, Köpetdagyň eteginde baglyk zolagy döredilip başlandy. Bu Milli seýilgäh bilen Giňdiwar-Nusaý galasy aralygynda  30 km-den hem gowrak uzalyp gidýän, 1000 m gowrak belentlikdäki «Saglyk ýolunyň» iki tarapynda, baglyk zolakda millionlarça düýp ýolka we beýleki agaç nahallary oturdyldy. Indi ol agaçlar boý alyp, gök öwsüp otyr. «Saglyk ýoly» aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň höwes edip dynç alýan, dag gözelliginden lezzet alýan, saglygyny berkidýän ýoluna öwrüldi. 2007-nji ýylda Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek işiniň täze tapgyry başlandy. Häzir Aşgabadyň töwereklerinde agaç ekilen meýdanlar 25 müň ga ýetýär. Ol meýdanlary şäheriň günortasyndan demirgazygyna – Köpetdagdan Garagum derýasyna, gündogaryndan günbatara – Änewden Gökdepä çenli has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
 

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2. Çaryýew B., Hudaýýarow M. Türkemnistanyň ykdysady we durmuş geografiýasy. Synag okuw kitaby. – Aşgabat , 2010.
  3. Çaryýew B., Ilamanow Ý. Türkmenistanyň geografiýasy. Synag okuw kitaby. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti. – Aşgabat , 2010.
  4. A. Magtymow, M. Hudaýýarow. Türkmenistanyň geografiýasy. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
  5. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  6. A. Babaýew. Z. Freýkin. Aşgabat. (geografiki oçerk). Türkmen döwlet neşirýaty. Aşgabat , 1957.
  7. Türkmenistanyň ensiklopediýasy.VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar