Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň alkymy – «Berzeňňiniň» ýalkymy

0
1693

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda» 140 ýaşaýan ak şäherimiz Aşgabadyň golaýyndaky Berzeňňide 1967-nji ýylda 900-1000m çuňlukdan mineral suw tapyldy. Ol sekuntda 20 litrden gowrak suw berýär, ýylylygy +36,5° C. Bu suw özüniň himiki düzümi boýunça Russiýanyň Moskwa mineral suwuna hem-de bu ýurduň  Tula welaýatyndaky «Krainka" şypahanasynyň suwuna ýakyndyr. Bu suwy deri, hereket organlarynyň kesellerini, nerw ulgamy, damar (flebitler, tromboflebitler) we intoksikasiýa kesellerini we başgalary bejermek üçin peýdalanmak bolýar. Iýmit siňdiriş organlary, peşew ýollary kesellände, madda çalşygy bozulanda şol suwy içmek arkaly ol keselleri bejermek bolýar. Bu mineral suw şol döwürde çüýşä guýlup, «Aşgabat» ady bilen satuwa hem çykarylypdyr. 1967-nji ýylda açylan mineral suwly çeşme «Berzeňňi» şypahanasynyň taryhyny düzýär. Ýöne kyrk bäş ýyl dan soň «Berzeňňi» şypahanasy alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berildi we sebit hem-de dünýä ähmiýetli döwrebap şypahana öwrüldi.     

Hormatly Prezidentimiziň ak mermerli paýtagtymyzyň ilersinde Köpetdagyň golaýynda gurduran «Berzeňňi» şypahanasynynyň täze binasy 2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda uly dabara bilen açyldy. Bu şypahana halkara ülňüsine laýyklykda, saglygy goraýşyň innowasion enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýär. «Berzeňňi» şypahanasynyň täze binasy uly dabara bilen açyldy. Milli Liderimiz«Berzeňňi» şypahanasyndaky melhem suwuň bejeriş-dikeldiş häsiýetini mälim edip, bu ugry ýörite ösdürmegi öňe sürdi we düýpli ýola goýdy. Munuň sebäbi «Berzeňňi» tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 mikroelementiň barlygydyr. Bu bolsa adam bedeniniň saglygyny çalt dikeltmekde örän peýdalydyr. «Berzeňňi» şypahanasynyň mineral suwy «Ýörite goşundysyz we häsiýetsiz» suwlar toparyna degişli bolup, sulfatly, kalsili-magnili, az minerallaşan (3,2 — 3,4 mg/ dm3), subtermal (37 gra dus) gyzgynlykly pes aşgarly, kükürt wodorodly, ujypsyz mukdarda mikro goşundylar, ýod, brom, sink, marganes, organiki maddalary-kremniý turşusyny we beýlekileri düzüminde saklaýan giň spektrli bejeriş häsiýetli mineral suwudyr. «Berzeňňi» şypahanasynyň mel hem suwy beden agzalarynyň işini çalt dikeldýär, immun ýetmezçiligini doldurýar, ýokanç kesellerine garşy durýar we saglygy birsyhly kadada saklaýar

Ak şäherimiziň ak mermer lybasy bilen utgaşyp duran «Berzeňňi» şypahanasynyň mel hem suwy hem arassa dag howasy saglyga täsir edijilik güýjüne eýedir. Şonuň üçinem birnäçe dertlerden saplanmakda onuň ähmiýeti uludyr. Şypahananyň mineral suwunyň bejerijilik häsiýeti içki hem-de daşky beden agzalarynyň ählisi üçinem mahsusdyr we saglygy dikeltmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda «Berzeňňi» şypahanasy bu ugurda ylmy-barlaglary geçirmek bilen, bejerişiň täze, döwrebap usullaryny özleşdirmegiň mümkinçiliklerine eýedir. Şypahananyň şeýle gutarnykly bejerişiniň bardygy hakdaky maglumatlar Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ünsüni barha özüne çekýär. Bejeriş kämil enjamlarda amala aşyrylýar. Mysal üçin, anyklaýyş bölümi ultrases anyklaýyş gurallary, ýürek elektrokardiografiýasy, şeýle hem, gan basyşyny ölçeýän enjamlar bilen üpjün edildi. Gidroterapiýa bölüminde bejerişiň aýratynlyklary mineral suwunyň wannalarda bejerijiligini artdyrýan elektroim puls usulynyň ulanylmagydyr. Şu ýerde birsydyrgynlykda dowam edýän bejeriş suwasty owkalama bilen utgaşýar, şonuň bilen birlikde-de, içegeleri arassalaýyş usuly üçin ulanylýan enjamlaryň ähmiýeti örän uludyr. Döwrebap peloidoterapiýa usuly palçyk bilen bejeriji usul bolup, mineral suwdan doldurylan howza «Mollagara» şypahanasynyň bejeriş palçygy goşulyp, bejerişiň täsir edijiligi has-da artdyryldy. Şeýle biologiýa taýdan garyndylaryň birleşen düzümi sowuklamany we dem alyş ýollaryny bejermekde ulanylýar. Bu örän oňat netijeleri berýär. Şypahanada aşgazanasty mäzi ýuwmakda mineral suwuň ulanylyp başlanylmagy bilen, aşgazan we aşgazanasty mäziň sazlasazlaşykly işiniň ýola goýulmagy içege kesellerini bejermekde döwrebap häsiýete eýedir. Şypahanada stounoterapiýa, ýagny daşlar bilen owkalama bejeriş otagy döredildi, ol artrid, rewmatiki poliartrid, dowamly spondela artrid, ýaýran osteohondroz ýüze çykmalarynyň öňüni alýar we onuň bejerilmegine öz täsirini ýetirýär. Şunda bolsa ylmyň iň soňky gazanan enjamlary ornaşdyrylyp, olar häzirki wagtda ýokary hil derejeliligi bilen tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, tebigy mineral suwy ýürek-damar ulgamyny, nerw, bedeniň iýmit siňdiriş ulgamyny, bedeniň beýleki synalaryny, deri we allergiki keselleri, ýanykdan soňky ýagdaýlary bejermekde aýratyn orny eýeleýär.

«Berzeňňi» şypahanasynyň lukmanlary baý tejribe toplamak bilen, ýokary hünär ussatlygyny gazanmaga çalyşýarlar. Milli hünärmen-lukmanlar daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş merkezlerinde barlag-tejribe okuwlaryny geçip gelmek bilen, olar bu şypa suwuny ylmy esasda öwrenip, saglygy goraýşyň häzirki zaman usullaryna ornaşdyrýarlar. «Berzeňňi» şypahanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp-ýaşlary 2012-nji ýyldan bäri tejribe okuwlaryny geçirýärler. Bu ýerde bejeriş bedenterbiýesiniň we saglygy dikeldiş kafedrasynyň ýörite otaglary ýerleşýär. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynda şypahana öwreniş ugrunyň kemala gelendigine we onuň ýola goýlandygyna anyk güwä geçýär. Şypahananyň içine täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy resminamalardan elektron usulda peýdalanmaga ýardam ed ýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 16 belgili awtobusyndan şypahana gelip düşeniňde, daş-töweregiňi tutuşlygyna bagy-bossanlyk gurşap alýar. Arassa howada şähdiň açylýar, ädimleriň batlanýar, bedeniň kuwwatlanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen ýaşyl zolakly ümürsöw baglykly ýerde özüňi Erem bagyna düşen ýaly duýýarsyň. Şypahananyň geografiki ýerleşişiniň örän amatlylygy bilen birlikde, mineral suw çeşmesiniň çogup çykmagynyň bitewi sazlaşygy bu ýerde keselini bejerdýänler üçin saglygyň maddy we ruhy binýady bolup durýar. Şu ýerde «Berzeňňi» mineral bejeriş suwuny öndürýän kärhananyň melhem içgileriniň aşgabatlylaryň we ähli ildeşlerimiziň ak otaglarynyň «keremli myhmanydygyny» hem uly buýsanç bilen bellemelidiris.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1.     Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2.     Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  3.     «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda çykan sany.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar