Merjen şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy taryhy nukdaýnazardan ýurdumyzyň çäginde açylan ilkinji kitaphanadyr. Hut şonuň üçinem bu kitaphana «Ilkinji türkmen okalgasy» diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine özboluşly bir görk goşup oturan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilen senesi barada resmi web saýtlarda we taryhy çeşmelerde dürli-dürli maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň öz resmi web saýtynda bu kitaphananyň 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylyp, okyjylara hyzmat edip başlandygy barada beýan edilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web saýtynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1892-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkinji okyjylaryny 1895-nji ýylyň maý aýynda kabul edip başlandygy bellenilýär. Türkmengazet.com web saýtynda bolsa bu kitaphananyň Zakaspiý sebit jemgyýetçilik kitaphanasy hökmünde 1885-nji ýylyň 1-nji awgustda esaslandyrylandygy barada beýan edilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2011-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň taryhy» diýen kitapda hem Aşgabadyň ilkinji kitaphanasynyň 1895-nji ýylda döredilendigi barada bellenilýär. Almaz Ýazberdiýewiň 2018-nji ýylda çykan «Türkmenistanyň kitaphanaçylyk işiniň taryhy» atly kitabynda bu kitaphananyň dörän anyk senesi görkezilmese-de, Aşgabadyň welaýat Jemagat kitaphanasynyň 1802–1917-nji ýyllar aralygynda nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dürli ýurtlardan öz asyl nusgalarynda, ýagny arap elipbiýinde iberilen 1500-e golaý neşirlerini öz gaznasyna almandygy barada beýan edilýär. Diýmek, bu kitapda Aşgabat kitaphanasynyň 1802-nji ýylda hem hereket edendigi aýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu kitaphana biziň pikirimizçe 1802-nji ýylda esaslandyrylyp, öz ilkinji okyjylaryny Türkmengazet.com web saýtynda görkezilişi ýaly 1885-nji ýylyň 1-nji awgustda kabul edip başlan bolmaly. Ýöne, Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýokarda görkezilen seneleriň haýsysynda dörändigine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde açylan ilkinji türkmen okalgasydyr. Çünki, ýurdumyzda hereket edýän Mary welaýat kitaphanasy 1912-nji ýylda, Lebap welaýat kitaphanasy 1919-njy ýylda, Daşoguz welaýat kitaphanasy 1925-nji ýylda, Balkan welaýat kitaphanasy 1967-nji ýylda, Ahal welaýat kitaphanasy bolsa 2010-njy ýylda döredilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan soň işläp başlapdyr. Munuň özi bolsa, paýtagtymyzyň Döwlet kitaphanasynyň ýurdumyzda dörän ilkinji kitaphanadygyny ýene-de bir gezek aýan edýär.
XIX asyryň ahyrynda döredilen Aşgabat kitaphanasy ilki «Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy» diýlip atlandyrylypdyr. Bu kitaphananyň jaýy 1897-njy ýylyň 29-njy dekabrynda açylypdyr. Soň bolsa, Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy üçin iki gatly has kaşaň owadan bina 1902-1904-nji ýyllarda gurlupdyr. Bu Kitaphananyň 3 müň nusgalyk kitap hazynasyny özünde jemleýän täze jaýy öýe kitap berýän bölümden (abonement bölümden) we okamak üçin otagdan (okalga zalyndan) ybarat bolupdyr. Kitaphanada şol döwürde öýe kitap bermeklik tölegli amala aşyrylypdyr. 1921-nji ýylyň 7-nji awgustynda Zakaspiý oblastynyň «Türkmen oblasty» diýlip atlandyrylmagy bilen bu kitaphana «Türkmen oblastynyň jemagat kitaphanasy» diýen resmi ady alypdyr. Bu kitaphana 1948-nji ýyldaky ýer titremesi zerarly weýran boldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy 1924 - 1992-nji ýyllar aralygynda «Karl Marks adyndaky Türkmen döwlet respublikan kitaphanasy» diýlip atlandyrylýar. 1976-njy ýylda täze bina göçen bu kitaphana 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Millilik derejesi berlip, ol «Nurmuhammet Andalyp adyndaky milli kitaphana» diýlip atlandyryldy.
Milli kitaphana 1997-2013-nji ýyllar aralygynda «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli kitaphana» diýlip, 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri bolsa «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy» diýlip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň häzirki zaman döwrebap binasy 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda açylyp ulanylmaga berildi. Döwlet kitaphanasynyň ak mermerli täze ajaýyp binasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmeklik, 6 milliondan gowrak neşir önümlerini aýawly saklamaklyk, kitaphana işini döwrebap derejede guramaklyk we alyp barmaklyk üçin giň mümkinçilkler we şertler döredilendir.
Pagtymyz Aşgabatda 1935-nji ýylda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy esaslandyrylýar. Bu kitaphana 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň häzirki zaman döwrebap binasy açylyp, ulanylmaga berileninden soňra, onuň 1976-njy ýylda gurlan öňki binasyna göçürildi. 1983-nji ýyldan bäri kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, görnükli dramaturg we jemgyýetçilik işgäri Bazar Amanowyň adyny göterýär.
Merjen şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy SSSR-iň YA-nyň Türkmenistan bölümçesi hökmünde 1940-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda açyldy. Bu kitaphana 1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda «TSSR-iň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasy», 1992-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy», 1998-nji ýylyň 29-njy iýunyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we teknika baradaky Ýokary geňeşiň Merkezi ylmy kitaphanasy», 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy» diýlip atlandyryldy.
Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Peýdalanylan edebiýatlar:
- Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
- T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
- Ýazberdiýew A. Türkmenistanyň kitaphanaçylyk işiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.
- S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.