«Gerekli» onlaýn-meýdançasynyň mümkinçilikleriniň jikme-jik beýany

0
27064

Internet söwda bazary bütin dünýäde ýokary depginlerde ösýär. Marketpleýsler ýa-da söwda meýdançalary telekeçilere öz harytlaryny onlaýn görnüşde amatly şertlerde müşderilere hödürlemeklerine mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda diňe bir serişdeler däl, eýsem, işgärleriň güýji hem tygşytlanylýar, pul dolanyşygy bolsa, ep-esli ýokarlanýar. Munuň özi alyjylar üçin hem oňaýlydyr: olar dükanlara aýlanyp ýörenlerinden, zerur bolan harytlaryny deňeşdirip görüp, has amatly bahadan satyn alyp bilýärler.

Türkmenistanda internet söwdasy we hyzmatlary ulgamynda esasy wekilleriň biri hem «Gerekli» marketpleýsidir.

Bu taslama 2020-nji ýylyň noýabrynda işe girizildi. Taslama täze we ýaş bolmagyna garamazdan, satyjylaryň arasynda bolşy ýaly, satyn alyjylaryň arasynda hem barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Elektronika we hojalyk harytlarynyň satuwyndan başlap, «Gerekli önüm» HJ müşderileriniň sanyny tiz wagtda artdyrdy we häzirki wagtda 1000-den gowrak haryt adyny hödürleýän köp sanly dürli ugurly dükanlary özünde birleşdirýär. Söwda meýdançasynda satyjylar, äpet supermarketdaky ýaly, harytlaryny ýerleşdirýärler, satyn alyjylar bolsa, harytlary deňeşdirip, islegine laýyk gelýän harydy satyn alýarlar.

Söwdagärler üçin

Iri brend hem-de uly bolmadyk dükanlaryň eýeleri, şeýle hem islendik göwrümdäki önüm öndürijiler saýtda hiç hili kynçylyksyz hasaba alnyp bilerler. Munuň üçin diňe söwda etmek üçin patentiň bolmagy ýeterlikdir.

«Şahsy otagyňy» hasaba aldyrmak üçin saýtda forma doldurmaly. Ondan soň öz harydyňy satyp başlap bolar. Söwdagärler satyn alyjylar bilen gepleşmek, harydy eltip bermek ýa-da mahabat etmek barada alada galyp oturmaly däl .

Mundan başga-da, «Gerekli» platformasynyň hünärmenleri söwda kärhanalaryna söwdany ilerletmäge ýardam edýärler, ýagny saýtyň üsti bilen hem-de sosial torlaryň üsti bilen harytlaryny ýaýratmaga kömek edýärler. Müşderiniň teswirini almak mümkinçiligi bolsa, dükanyň reýtingini yzarlamaga ýardam eder.

Şeýle hem bu serwis «Iň ýörgünli harytlar» we «Söwdanyň öňdebaryjylary» bölümlerinde marketpleýsde öňdebaryjy orunlary eýeleýän harytlary görkezmek bilen, islegi çaklamaga mümkinçilik berýär. Söwdanyň seljermesi bilen bu maglumatlardan peýdalanyp, kesgitli assortimenti giňeldip bolýar .

Satyn alyjylar üçin

Satyn alyjylar hem «Gerekli» internet platformasynyň artykmaçlyklaryna baha berip bilerler. Ilki bilen, bu ýerde amatly bahalar bar. Mundan başga-da, özüne çekiji ençeme teklipler bar. Mysal üçin, ilkinji sargyt eden wagtynda satyn alyja harydy bilen bilelikde QR-kodly 50 manatlyk sowgatlyk kupony berilýär. Bu kupondan saýtda teswir goýup, indiki gezek söwda edilende peýdalanyp bolýar. Çarşenbe günleri söwda meýdançasynda «Gerekli gün» aksiýasy geçirilýär — şol gün harytlaryň belli bir görnüşlerine hökmany arzanladyşlar goýulýar .

Saýtda hödürlenen ähli harytlar jikme-jik düşündirişe eýe. Zerur bolan harydy kategoriýalar boýunça saýlap bolýar: hojalyk harytlary, parfýumeriýa, smartfonlar, kofemaşinler we kofemolkalar, telewizorlar we beýlekiler. Sowgatlardyr gülleri ýa-da beýleki islendik önümleri sargyt edip bolýar. Firmalaryň elektrik harytlaryna we hojalyk harytlaryna bir ýyllyk kepillik hereket edýär.

Eltip bermek hyzmaty Aşgabat we onuň etekleri boýunça amala aşyrylýar. Kompaniýa ýakyn wagtda harytlary Türkmenistanyň beýleki sebitlerine hem eltip bermegi meýilleşdirýär.

Edilen sargydy 24 sagadyň içinde duşenbeden anna çenli 9:00-dan 18:00-a çenli, şenbe günleri 9:00-den 15:00-a çenli operator bilen gürleşip alyp bolýar. Eger-de müşderiniň eden sargydy 200 manatdan geçse, onda eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Şondan az manatlyk söwda edilse, eltip bermek hyzmaty üçin 15 manat tölemeli. Hasaplaşygy nagt hem bank kartlarynyň üsti bilen amal edip bolýar.

«Gerekli» platformasynyň işgärleri söwda meýdançalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, sarp edijileriň ýokary hilli harydy has amatly bahadan, şeýle hem öýde oturan ýeriňden almagyň näderejede amatlydygyna göz ýetirjeklerine ynanýarlar.

Harydy saýtyň üsti bilen ýa-da mobil programmanyň üsti bilen amal edip bolýar. Programmany App Store ýa-da Google Play-den ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar