Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ilkinji muzeýi — milli ylmy edaralaryň gözbaşy

0
2961

Gözel paýtagtymyz Aşgabat  döredileninden 18 ýyl soň — 122  ýyl mundan ozal, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji ylmy edarasy — Zakaspi oblast muzeýi resmi ýagdaýda dabara bilen açylypdyr. Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 1899-njy ýylyň 17-nji martynda işe girizilen bu muzeýiň özboluşly döreýiş taryhy bar.

Zakaspi oblastynyň ýolbaşçylary 1896-njy ýylda Nižniý Nowgorodda geçirilen Bütinrussiýa sergisine gatnaşmak üçin iki ýyl öňünden — 1894-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň häzirki çäginde ýerleşýän ýerli ilatyň egin eşiklerini, ýaşaýyş jaýlaryny, zähmet gurallaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, mineral baýlyklaryny häsiýetlendirýän eksponatlary toplamaga girişipdir. Netijede, türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişli milli ylmy-medeni tapyndylar, şeýle-de 1887-nji ýylda Kopengagende, 1893-nji ýylda Çikagoda, 1894-nji ýylda Lionda we Antwerpende bolan halkara sergilerinde gatnaşdyrylyp, ýokary baha eýe bolan milli altyn-kümüş önümleri we öýde ulanylýan esbaplar toplanylyp, 1896-njy ýylda Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäherinde gurnalan Bütinrussiýa sergisine gatnaşdyrylypdyr. 1897-nji ýylda bu sergä iberilen esbaplar yzyna getirilipdir we şol esbaplaryň esasynda Aşgabatda  1899-njy ýylyň 17-nji martynda Zakaspi oblast muzeýi döredilipdir. Bu muzeý tiz wagtda türkmen tebigatyny, etnografiýasyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkezine öwrülipdir.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Zakaspi oblast muzeýiniň muzeý gymmatlyklary 1900-njy ýylda Parižde, 1906-njy ýylda bolsa Daşkentde  geçirilen halkara sergilerine hem gatnaşdyrylyp,  ýokary baha eýe bolupdyr. 

1902 – 1904-nji ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, häzirki Puşkin bagynyň çäginde Zakaspi oblast muzeýi üçin iki gat jaý gurlupdyr. Muzeýiň täze jaýynda zoologiýa, botanika, geologiýa-mineralogiýa, etnografiýa, arheologiýa degişli gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Bu muzeý gymmatlyklarynyň düzüminde R. Pampelliniň Änewden tapan käbir zatlary hem bolupdyr.

1919-njy ýylyň 18-nji fewralynda Kaw¬kaz muzeýiniň düzgünnamasynyň nusgasy boýunça Aşgabatdaky Zakaspi oblast muzeýiniň Düzgünnamasy tassyklanylypdyr we şol ýyldan başlap Zakaspiý oblast muzeýi «Ülkäni öwreniş muzeýi» diýlip atlandyrylypdyr. Bu muzeý 1925-nji ýylda ýurdumyzyň Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky Döwlet alymlar geňeşiniň garamagyna berilipdir we «Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi» diýlip atlandyrylypdyr.

Şol ýyl Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýinde 3 sany bölüm: tebigat – taryh, medeniýet – taryh we jemgyýetçilik – ykdysady bölümle¬ri hereket edip başlady. 1925-nji ýylyň noýabrynda Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky Döwlet alymlar geňeşine muzeý hakyndaky, muzeýi dolandyrmak baradaky Geňeş hakyndaky düzgünnamalaryň taslamasy hödürlenilipdir we 1926-njy ýylyň martynda bu düzgünnamalar tassyklanylypdyr. Bu döwürde professor W. A. Uspenskiniň, žiwopis akademigi A. A. Kareliniň, alymlar A. P. Poseluýewskiniň, Çernýakowskiý-Reýnekiň toplan gymmatly kolleksiýalary muzeýe gelip gowuşýar. Muzeý iki gat jaýda ýerleşip, ondaky 14 sany ekspozision zallarda Türkmenistanyň tebigaty, sowet döwrüniň taryhy boýun¬ça gymmatly eksponatlaryň 4 müňe golaýy görkezilýärdi. Muzeý köpçülik üçin hepdede iki gezek açyk bolup, ýylda 12–13 müň adam kabul edýärdi.

Muzeýiň gaznasynda jemi 50 müňden gowrak esbap bolup, olar gaznahanalarda saklanylypdyr.

1927-nji ýylda Aşgabatda Taryh muzeýi döredilip, Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň taryh bölüminiň eksponatlary şol muzeýe geçirilipdir. Şol ýylda hem Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýinde şekillendiriş sungaty bölümi açylypdyr. Onuň esasyny Leningraddan (häzirki Sankt-Peterburg) we Moskwadan alnan suratlar we beýleki eserler düzüpdir. Muzeý 1928-nji ýylda ýurdumyzyň Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky Döwlet alymlar geňeşi Türkmen medeniýeti institutyna (Tуркменкульт) öwrüleninden soňra,  «Türkmen medeniýeti institutynyň Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi» diýlip atlandyrylypdyr.

1932-nji ýylda Türkmenistanyň medeniýet institutynyň üýtgedilip guralmagy bilen Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi Magaryf halk komissarlygynyň garama¬gyna berilýär. 1934-nji ýylda bu muzeýde bo¬tanika, zoologiýa, geologiýa, ykdysadyýet, etnografiýa, arheo-logiýa, çeperçilik we köpçülik ýaly sekiz bölüm bolupdyr. 

1939-njy ýylda Aşgabatda Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň çeperçilik bölüminiň eksponatlarynyň esasynda  Şekillendiriş sungaty muzeýi döredilipdir.

1941-nji ýylda SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmen şahamçasynyň (filialynyň) döredilmegi bilen Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi onuň ylmy edaralarynyň hataryna goşuldy.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň netijesinde Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň jaýy ýykylyp, gaýtadan dikeltmesi kyn bolan gymmatly eksponatlaryň köp bölegini ýitirdi. Muňa garamazdan, 1947–1949-njy ýyllarda muzeý işgärleri tarapyndan Uly we Kiçi Balkan daglaryna, Amyderýanyň orta akymyna ekspedisiýalar guraldy. Ekspedisiýalaryň netijesinde, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsini häsiýetlendirýän gymmatly eksponatlaryň birnäçesi toplanylyp, Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň ýer titremesinden soň salnan jaýynda ýerleşdirildi.

1951-nji ýylda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi onuň garamagyna geçirildi. Şol pursatdan başlap, muzeýiň işi öňküden has giňeldi. Muzeýi dolandyrmak boýunça «Alymlar geňeşi» döredildi we täze Düzgünnama tassyklanyldy. Muzeýiň işgärleriniň ylmy dere¬jesi ýokarlandy. 1963-nji ýyldan başlap Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagyna geçirilýär.

1985-nji ýylyň iýulynda Aşgabatdaky Türkmen döwlet ülkäni öwreniş muzeýi, Taryh muzeýi we «Rewolýusiýanyň göreşijilerine» atly memorial muzeý birleşdirilip, Türkmenistanyň Birleşen taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi döredildi.

Sowet döwründe hem paýtagtymyzyň bu muzeýi türkmen taryhyny, tebigatyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreleri amala aşyrdy. 1985-nji ýylda muzeýde gurnalan sergide Nusaýdan tapylan täsin ýadygärlikler görkezildi. 1987-nji ýylda muzeý işgärleri Gazagystanda, Daniýada, Sudanda göçme sergileri guradylar. 

1993-nji ýylyň 20-nji martynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Haly muzeýi döredildi. 

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde öňden bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Birleşen taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan başlap Türkmenistanyň taryh we etnografiýa muzeýi diýlip atlandyryldy. 

1994-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda  paýtagtymyz Aşgabatda Haly muzeýiniň ilkinji binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň üç ýyllygyna bagyşlanylyp, dabaraly ýagdaýda açyldy. 

1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň №3479 kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birleşdirilip, Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Köpetdagyň ajaýyp eteginde Türkmenistanyň Milli muzeýiniň kaşaň binasy gurlup, ulanylmaga berildi. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir.

Aşgabat şäherinde 2000-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanylyp, dabaraly ýagdaýda açylan Garaşsyzlyk binasynda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň Milli Gymmatlyklar muzeýi döredildi. Bu muzeýde gadymy we häzirki döwrüň şaý-sepleri, şeýle hem gadymy altyn-kümüş teňňeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda çykarylan kagyz we şaýy pullar, şanly senelere bagyşlanyp çykarylan teňňelikler we ordendir medallar saklanylýardy.

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň täze döwrebap binasy 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda gurlup ulanylmaga berildi. Muzeýiň binagärlik toplumynyň umumy meýdany 32 000 inedördül metre, binanyň tutýan meýdany bolsa 6500 inedördül metre barabardyr. Muzeý ekspozisiýasy on bir bölümçede açylyp görkezilýär.

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýi öz gapysyny giňden açdy. Muzeýiň umumy meýdany 13661 inedördül metr bolup, hemişelik hereket edýän 6 sany sergi zaly bar. Bu muzeý Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömrüne we zähmet ýoluna bagyşlanan memorial muzeýdir. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran №8270 Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň iki gapdalyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurluşygy başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2009-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Milli muzeýine Türkmenistanyň Baş milli muzeýi diýen at dakyldy.

2009-njy ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi açyldy. Bu muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän tebigat bölüminde ýurdumyzyň gözel tebigaty we haýwanat dünýäsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren haýwanlaryň görnüşleri bilen, ýagny gaplaň, alajagaplaň, alajabars, dag tekesi, deňiz guşlary, Garagum çölüniň bezegi bolan ak sazak, mineral daşlaryň görnüşleri bilen açylyp görkezilýär.

Muzeýiň ikinji gatyndaky etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň durmuşy, maddy medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary, el hünärleri täsin eksponatlar arkaly açylyp görkezilýär.

Ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda açyldy. Muzeýiň 10 sany tematik bölüminde resminamalaryň we fotohronikalaryň esasynda Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň taryhy, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda alnyp barylýan özgertmeleriň mazmuny açylyp görkezilýär. Muzeýde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy we zähmet ýoly barada gürrüň berýän aýratyn ekspozisiýa bar. Şeýle hem muzeýde hormatly Prezidentimize türkmen raýatlary, daşary ýurtlular tarapyndan berlen sowgatlar hem saklanylýar.

2009-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň haly muzeýi üçin Aşgabadyň merkezinde ajaýyp bina gurlup berildi we ol «Türkmen halysynyň milli muzeýi» diýen täze ada eýe boldy. Muzeý gaznasynda 2000-den gowrak haly we haly önümleri saklanylýar. Halylaryň arasynda iň gadymy haly XVII asyryň başynda dokalypdyr. Has irki döwre degişli bolan halylaryň ýyrtylan, zaýa bolan ýerlerini dokamak üçin muzeýiň ýörite ussahanasy hereket edýär. Ussahanada diňe dikeldiş işleri geçirilmän, gadymy halylaryň nusgasynda halyçylar täze halylary hem dokaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 29-njy aprelinde kabul eden Karary bilen paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyndaky Milli Gymmatlyklar muzeýi öz işini bes etdi we onuň ähli gymmatlyklary Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň hasabyna geçirildi. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň «Garaşsyzlyk muzeýi»,«Bitaraplyk muzeýi» we «Galkynyş muzeýi» şahamçalaryny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi hem-de olary degişlilikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk, Türkmenistanyň Bitaraplyk we Türkmenistanyň Konstitusiýa binalarynda ýerleşdirmeklik tabşyryldy. Bu resminama görä, Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň «Garaşsyzlyk muzeýi» şahamçasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynda,  «Bitaraplyk muzeýi»  şahamçasy Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynda,  «Galkynyş muzeýi» şahamçasy bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet Ministirliginň  garamagyndaky edralaryň işini kämilleşdirmek hakynda çykaran  № 12981 belgili Karary esasynda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, ol «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi» diýlip atlandyryldy. Şeýle-de, bu Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Baş Milli muzeýiniň ady üýtgedilip, täze döredilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň düzümine girizildi we ol «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi» diýlip atlandyryldy. Şol günden başlap öňki Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň düzümine girizilip, onuň ady Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýi bölümi» diýlip atlandyryldy. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýi bölümi paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binasyndan Gypjakdaky Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň we kümmetiniň çäginde ýerleşýän desgalaryň birinde göçürildi.

Şeýlelik bilen, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we onuň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynda «Garaşsyzlyk muzeýi»,  Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynda «Bitaraplyk muzeýi», Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda «Galkynyş muzeýi» şahamçalary, Türkmen halysynyň milli muzeýi, Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hereket edýär. Diýmek, ak mermerli paýtagtymyz muzeýler şäheridir.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine.

Peýdalanylan edebiýatlar:

  • Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  • Beknazarowa M. Muzeý işi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
  • T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar