Aşgabat — köp milletli şäher

0
4572

Gözel paýtagtymyz Aşgabat Watanymyzyň iri işewürlik merkezi bolansoň, ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda iň köp milletli şäherdir. Muny ýurdumyzyň merkezi şäheriniň geçen 140 ýyllyk taryhy ýoly hem aýan edýär.
Aşgabatda ilatyň sany aýry-aýry durmuş-ykdysady tapgyrlarda örän çalt depginler bilen ösüpdir. Paýtagtymyzyň ilatynyň ösmeginde 1885-nji ýylda bu ýere çenli gurlan demir ýol gurluşygynyň hem örän möhüm ähmiýeti bolupdyr. Bu ýere iş gözläp Kawkazdan, Wolgadan, Eýrandan adamlar göçüp gelipdir. 

Aşgabatda 1897-nji ýylda geçirilen ilkinji ilat ýazuwynda 19426 sany adamyň, 1908-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda 39867 adamyň, 1911-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda bolsa, 49384 sany adamyň ýaşaýandygy we paýtagtymyzyň köp milletli şähere öwrülendigi bellige alyndy. 

Aşgabat şäheri döredileninden soňra geçen ilkinji 20 ýylda — 1911-nji ýylda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary esasan, ruslardan, ilatyň 20 göterimi bolsa Kawkaz halklaryndan ybarat bolupdyr. Ol döwürde şäherli türkmenler has az bolupdyr. Çünki, ata-babalarymyzyň «Towşana dogduk depe» diýen parasatly taglymyny özüne ýol-ýörelge edin türkmen halky öz göbek ganynyň damyp kemala gelen  we beýnisiniň bekän oturymly ýerinden aňsat-aňsat göç eden halk bolmandyr. Hut şonuň üçinem, şol döwürde Aşgabat obasynda täze dörän bu şäherde türkmenleriň sany gaty az bolupdyr. Ýöne, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurdumyzyň häzirki çäginiň — Türkmenistanyň kartasy işlenilip düzüleninden soňra, Aşgabadyň ilatynyň türkmen milletlisi kem-kemden köpelipdir. Ýagny, Aşgabat döwletimiziň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni merkezine hem-de ýurdy dolandyryjy edaralaryň ýerleşýän ýerine öwrülensoň, bu ýere iş üsti bilen göçüp gelýän ýerli halkyň — türkmenleriň sany ýylsaýyn artypdyr.

1926-njy ýylyň ilat ýazuwy boýunça Aşgabatda 51593 adam ýaşapdyr we ilatyň ösüşi 1897-nji ýylyň ilat ýazuwyna garaňda 2,5 esseden-de köpelipdir.  1926-njy ýylyň ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň 92,4 göterimi ruslardan, 11,3 göterimi ermenilerden, 4,3 göterimi  parslardan, 2,2 göterimi türkmenlerden, galan 29,8 göterimi bolsa beýleki milletlerden ybarat bolupdyr. Aşgabatda 1926-njy ýylda işçileriň sany 4015 adam bolupdyr. 1911-njy ýylda bolsa, bu görkeziji 210 sany adamdy.

Şol ýyllarda paýtagtymyzyň ýerli ilaty kem-kemden köpelipdir. 1939-njy ýylyň ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň 126,5 müň ilatynyň 11,7 göterimi türkmenler bolupdyr. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolup geçen güýçli ýer titremesi bu ýerde ilatyň sanynyň ösüşini ep-esli togtadypdyr. Bu ýer titremesinden 10 ýyl gowrak wagt geçenden soň, 1959-njy ýylyň ilat ýazuwy boýunça Aşgabadyň ilaty 169,9 müň adama ýetipdir. Ondan soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň ilatynyň sany barha çalt ösüpdir.  Şäherde 1981-nji ýylda 328,8 müň adam ýaşan bolsa, 1990-njy ýylda bu görkeziji  409,8 müň adama ýetipdir.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, paýtagtymyzyň ýerli halky — türkmen milletlisi has-da köpeldi. Hut şu nukdaýnazardan-da, 1995-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijesinde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aglabasy türkmenler boldy. 

1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň ilatynyň sany 547300 adam bolupdyr. Şol 547300 adamyň 314398 sanysy türkmenler, 139847 sanysy ruslar,  12833 sanysy azerbaýjanlar, 20600 sanysy ermeniler, 9708 sanysy ukrainler, 8156 sanysy tatarlar, 4920 sanysy özbekler,  3511 sanysy dagystanlylar, 2321 sanysy gazaklar, 1857 sanysy kürtler, 1768 sanysy beloruslar we 27959 sanysy bolsa beýleki halklar bolupdyr.

Şeýlelikde, 1995-nji ýylda paýtagtymyzyň ilatynyň 57,4 göterimi türkmenler, 25,6 göterimi ruslar, 3,8 göterimi ermeniler, 2,3 göterimi azerbaýjanlar, 1,8 göterimi ukrainler, 1,5 göterimi tatarlar, 0,9 göterimi özbekler, 0,6 göterimi dagystanlylar, 0,4 göterimi gazaklar, 0,3 göterimi kürtler, 0,2 göterimi beloruslar we 5,1 göterimi bolsa beýleki halklar bolupdyr. Ine, şunuň özi hem paýtagtymyz Aşgabadyň köp milletli şäherdigini ýene-de bir gezek aýan edýär. 

1999-njy ýylyň ýanwar aýynda paýtagtymyzyň ilatynyň sany 604 müň adama ýetipdir. Munuň özi, şol döwürde ýurdumyzyň ähli ilatynyň 12 göterimine barabar bolupdyr.  1999-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda beýleki milletleriň we halkyýetleriň 105-siniň wekilleriniň ýaşanýandygy barada resmi maglumat taýýarlanypdyr. Şeýlelikde, şol ýylda — 1999-njy ýylyň ýanwar aýynda paýtagtymyz Aşgabadyň ilatynyň 57,4 göterimi türkmenler bolupdyr.

2012-nji ýylyň 15 - 26-njy dekabry aralygynda geçirilen ilat ýazuwy hem ýurdumyzyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň sanynyň has ýokary derejede artandygyny aýan etdi. Munuň özi bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda Garaşsyzlyk zamanasynyň häzirki ajaýyp döwrüniň bolelin hem eşretli durmuşynyň hözirini görüp, abadan hem parahat döwran sürýän halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin döredilýän oňyn şertleriň netijesidir. 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine.

Peýdalanylan edebiýatlar:

  • Türkmenistanyň durmuş-ykdysady geografiýasy. - A.: Magaryf. 2000.
  • Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar