Sanlylaşdyrmak ykdysady, söwda ulgamlarynyň ösüş basgançagydyr. Maliýe ulgamyndaky sanly tehnologiýalar adam durmuşyna kem-kemden aralaşýar. Soňky döwürler nagt däl hasaplaşyklar has giňden ulanylýar, her gün adamlar dükanlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we internet-dükanlarda hyzmatlar we harytlar üçin töleg kartlarynyň üsti bilen hasaplaşýarlar. Maliýe ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy – bu onlaýn ýagdaýda pul serişdelerini dolandyrmagyň iň häzirki zaman çözgüdi hasaplanýar. Bank kartlaryny hem edil adaty pul serişdesi ýaly töleg serişdesi ýa-da toplaýyş serişdesi hökmünde ulanmak mümkin.
“Halkbank” PTB hödürleýän hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmeklige uly üns berýär. Muňa mysal edip, çalt töleg ulgamynyň durmuşa geçirilmegini aýtsak bolar. “Halkbank” PTB-niň ýola goýan täzelikleriniň biri hem, bankyň resmi saýtynyň üsti bilen täze bank kartyny almak üçin arzany resmileşdirmegiň onlaýn usulynyň ýola goýulmagydyr.
Täze bank kartyny açdyrmak we bankyň müşderisi bolmak isleýän fiziki şahs onlaýn arza ugradyp biler. Onlaýn arza tabşyrylandan soň, karty almak üçin “Halkbank” PTB-nyň ofisine bir gezek barmak ýeterlik. Ilki bilen bu işi ýerine ýetirmek üçin bankyň internet sahypasyna www.halkbank.gov.tm girmeli we onlaýn-arza bölümindäki görkezilýän görnüşde doldurmaly.
Karty resmileşdirmek işi kartyň görnüşini saýlamakdan we karty açmak baradaky arzany doldurmakdan başlanýar.
Arzany doldurmak üçin şahsy maglumatlary, pasport maglumatlary görkezmek zerur, goşmaça pasportyň skanerden geçirilen nusgasyny goýmaly we işleýän ýeriňi görkezmeli.
Soňra hyzmatyň tölegi geçirilýär. Kartyň bahasy PIN-konwert bilen bilelikde 23 manatdan ybarat. Töleg geçirilmedik ýagdaýynda arza seredilmeýändigini nygtamak zerur. Resmileşdirmegiň möhleti 2-3 gün. Karty almak üçin hökman bankyň edarasyna pasportuň bilen gelmeli.
Häzirki wagtda bank kartynyň üç görnüşini resmileşdirmek ýola goýulandyr:
Aýlyk karty
Bu bank kartyna müşderiniň zähmet haky geçirilýär. Ol bank we edara-kärhananyň arasyndaky şertnama esasynda açylýar. Bu kart terminallaryň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmeklige we Türkmenistanyň çägindäki bankomatlardan nagt pul serişdesini almak üçin niýetlenendir.
Goýum karty
Müşderiniň kart goýum hasabyna nagt pul serişdeleri banka kabul edilýär. Kart goýumuň göterim derejesi ýyllyk 6,8% möçberinde kesgitlenip, kart goýumyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesini kabul edilmegi göz öňünde tutulan. Goýumdan bölekleýin pul serişdeleri, şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimleri almaga rugsat berilýär. Müşderi goýum kartynyň üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp bilýär. Islendik wagty müşderiniň arzasy esasynda goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt görnüşinde almaga hukugy bar.
Karz karty
Karz kartyny müşderi bankda makullanylandan soň, resmileşdirilýär. Karz bank karty ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar-täjirçilik banky pul serişdeleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen bank kartyny ulanmagyň aşakdaky düzgünlerine berk eýermegi müşderilerden we ulanyjylardan haýyş edýär:
- Şahsy karty hiç hili ýagdaýda başga birine ulanmaga bermeli däl.
- Pin-kod gizlin maglumat hasaplanýar, ony üçünji tarapa aýtmaklyga ýol berilmeýär.
- Pin-kody kartyň ýüzüne ýazmak, Pin-kod hakyndaky maglumatlary kart bilen bile saklamak gadagan.
- Kesekiniň kartyny ulanmak gadagan.
Ýokardaky düzgünleriň ählisine berk eýermek pul serişdeleriniň ygtybarly goragyny üpjün eder. Pul geçirimler hyzmatlarynyň üsti bilen pul serişdeleri alyjynyň hasabyna birnäçe minutyň dowamynda geçiriler (hemme ýerde, howpsuz we islendik wagt).
Elektron enjamlaryň ornaşdyrylmagy töleg ulgamynyň integrasiýa, innowasiýa we bäsdeşlik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda we müşderileriň özgerýän sanly endiklerine laýyk gelýändigi bilen ähmiýetldir.
Sanly ykdysadyýetdäki özgerişlikler raýatlara edilýän hyzmatlaryň we önümleriň eleýeterliligini ýönekeýleşdirýär we tizleşdirýär.