Arhiw

Internet dükanyny döretmegiň usullary

0
8397

Telekeçilik işiňizi internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryp gördüňizmi? Harytlaryňyzy internetiň üsti bilen satyp gördüňizmi? Internet dükanlaryndan söwda edip gördüňizmi?

Bu makalamyzda size internet dükanyny döretmegiň usullary barada gysgaça aýdyp bereris.

Internet dükany – adaty dükanyň internetdäki ýerleşen görnüşi. Adaty dükandan tapawutlylykda, haryt we hyzmatlar internetde ýerleşdirilýär. Internet dükany üçin web-saýt we mobil goşundy döredilýär, müşderiler şol web-saýtyň we goşundynyň üsti bilen söwda edýärler. Internet dükany hem täze başlaýan telekeçiler üçin, hem tejribeliler üçin amatlydyr.

Ilki bilen, internet dükanyny döretmegiň (taýýarlamagyň) usullaryny aýdyp geçeliň, olar: özüňiz tarapyndan, mugt ýasamak ýa-da web saýt we goşundylary taýýarlaýan bu ugurda ökde hünärmenlere (edara-kärhanalara) sargyt etmek arkaly.

Bu usullar barada giňişleýin şu salgy boýunça ýerleşýän makalamyzda gürrüň beripdik.

Indi bolsa, internet dükanyny döretmegiň esasy ädimleri bilen tanyşalyň:

1. Ilki bilen, internetde näme satmak isleýändigiňizi kesgitlemeli.

Bu iň möhüm ädimleriň biri. Näme satmak isleýändigiňiz bilen baglylykda, kärhanaňyzyň, işiňiziň üstünligi artar. Bu ýerde iki ugur bar:

  1. Iň meşhur harytlary satsaňyz girdejisiz galmazsyňyz elbetde, emma bäsdeşleriňiziň köpelmegi ahmal;
  2. Täze ýa-da öň hiç eşdilmedik ugurlar boýunça harytlary satsaňyz, bäsdeşleriňiz gaty az bolar, emma girdeji meselesinde biraz mahabat işlerine maýa goýum etmeli bolarsyňyz. Ugurlary özüňiz pikirlenip saýlamaly.

Ýokardaky ugurlardan birinjisini saýlasaňyz, umumy ugur saýlaman, anyk ugur saýlamak maslahat berilýär. Mysal üçin, aýal-gyzlaryň egin-eşiklerini satman, aýal gyzlaryň elde tikilen köýneklerini satmak. Şeýlelikde, siz köp müşderini özüňize çekmegi başararsyňyz.

Ikinji ugry saýlasaňyz, eger mahabat üçin maliýe ýagdaýyňyz ýeterli bolmasa, sosial torlaryň üsti bilen harytlaryňyzy mahabatlandyryp bolar, dürli aksiýalary, arzanladyşlary geçirip müşderileri çekmek bolar.

2.Harytlaryňyzyň niýetlenýän auditoriýasyny öwrenmeli.

Auditoriýany bilmek zerur. Kime näme satjagyňyzy bilmeseňiz, söwdaňyz bolmaz.

Auditoriýanyň haýsy faktorlaryny bilmeli?

  • jynsy: internet dükanlarynda esasan aýal-gyzlar söwda edýär. Internetde däl, eýsem gündelik durmuşda hem şeýle. Erkekler internet dükanlaryndan esasan sowgatlyklar, suwenirler satyn alanlarynda peýdalanýarlar.
  • ýaşy: internet dükanlaryndan esasan ýaşlar we orta ýaşlylar söwda edýärler. Uly ýaşly adamlar adatça özleri bazara gidip haryt satyn almaklaryny amatly hasaplaýarlar.
  • gyzyklanmalary: müşderileriň gyzyklanýan harytlaryny bilmeli. Mysal üçin, ýaşlaryň auditoriýasy üçin öý hojalyk harytlaryny hödürläp bolmaz, ýa-da orta ýaşly we uly ýaşly adamlar üçin oýunjak harytlary hödürläp bolmaz. Umuman aýdylanda gyzyklanmalaryň öwrenilmegi hem zerur bolup durýar.

Dünýä tejribesinde internet dükanlaryndan satyn alnan harytlar adatça hakykysyndan arzan bolýar, aksiýalar edilýär, arzanlaşyklar geçirilýär. Şularyň ýerine ýetirilmegi bilen, müşderileri belli bir derejede internet dükanyňyza çekip bolar.

3. Eltip berijileri tapmaly.

Düzgün boýunça internet dükanlaryndan söwda edilende harytlar müşderiniň öýüne çenli eltip berilýär. Harytlaryňyz satyn alnan ýagdaýynda müşderä kim tarapyndan eltip berilmeli? Nirä eltip berilmeli? diýen soraglar hem çözülen bolmaly. Mysal üçin, internet dükanyň üsti bilen haryt satýan bolsaňyz, ýurdumyzyň islendik ýerine eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak zerurmy? Her welaýatda eltip bermek üçin işgäriňiz barmy? Bular hakynda hem pikirleniň.

4. Internet dükany üçin gowy at saýlamaly.

Haýsy ugurlar boýunça söwda etmek isleýändigiňizi hem-de nähili harytlary satmak isleýändigiňizi kesgitläniňizden soňra, internet dükanyňyza gowy at saýlamaly. At saýlanyňyzda boldugyndan gysga, täsirli we ýatda galyjy at saýlajak boluň, müşderileriň hem ýadynda galar ýaly we internetde web-saýtyňyza aňsatlyk bilen giriler ýaly (müşderilere URL salgysyny – web-saýtyň adyny ýazmak aňsat bolar ýaly).

5. Internet dükanyňyz üçin web-saýt we mobil goşundy döretmeli.

Guramaçylyk meselelerinden soňra, internet dükanyňyz üçin web-saýt we goşundy döretmeli. Olaryň dizaýnyna, tiz işleýşine, ykjamlygyna uly üns berilmeli. Web-saýty döretmegiň usullaryny öňki makalalarymyzda gürrüň beripdik.

Internet dükany üçin mobil goşundy taýýarlamak söwda üçin amatlydyr. Üns berýän bolsaňyz, soňky wagtlarda käbir internet dükanlar web-saýtyny taýýarlamazdan, göni mobil goşundysyny çykarýarlar. Sebäbi, ulanyjylaryň aglaba göleginde “akylly” telefonlar bar we internet dükanyna goşundy arkaly girmek ykjam hasaplanylýar.

Şu ýerde ýene aýdylyp geçilmeli söz – bu “Elektron kommersiýa” (e-kommersiýa). Web-saýtyňyza we mobil goşundyňyza Elektron kommersiýa hyzmatyny birikdirmek maslahat berilýär. Ol barada şu makalamyzyň 6-njy bendinde agzalýar.

6. Internet dükanyňyzda dürli görnüşli tölegleri kabul etmek mümkçinçiligini döretmeli.

Bilşimiz ýaly, internet dükanlaryndan söwda edilende harytlar üçin töleg görnüşleri müşderilere dürli görnüşde hödürlenýär: eltip berlende nagt tölemek, eltip berlende bank kart arkaly töleg terminalynyň üsti bilen tölemek ýa-da bank kart arkaly internet dükanynyň özünde tölemek (e-kommersiýa).

Müşderileriňiz üçin ähli amatlyklary döretjek boluň, haryt satyn alnanda dürli görnüşde tölemek mümkinçiligini hödürläň we kämil tehnologiýalardan peýdalanyň.

7. Işlemeli.

Netijede, ähli ädimlerden soň işlemek galýar. Hemişe täzeliklerden habarly bolup, internet dükanyňyzy kämilleşdiriň, özüne çekiji aksiýalary, mahabatlandyrmalary, ýokary hilli hyzmatlary hödürläp, web-saýtyň we goşundynyň bökdençsiz işini üpjün ediň. Söwdaňyz oňuna bolsun!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar