Soňky habarlar

Arhiw

«Trade–in» söwda programmasy arkaly haryt satyn alnanda, puly nähili tygşytlamaly?

0
8724

Soňky döwürde «Trade-in» söwda programmasynyň kömegi bilen ýa-da «goşmaça töleg bilen alyş-çalyş» ýaly söwda görnüşleri meşhurlyga eýe bolýar. Bu programma arkaly söwda etmek köne önümiň satyja täzesine garşy satylýan geleşigiň bir görnüşi bolup, ol alyja baha tapawudyny töleýär we täze önümi alýar.

«Trade–in» söwda programmasynyň ýörelgesi ilkibaşda awtoulag söwdasy bilen baglydy, ýöne ol häzir söwdanyň gerimini has giňeltdi. Häzirki wagtda “Trade–in” söwda amallary gozgalmaýan emläkde-de, durmuş enjamlaryny ýa-da senagat enjamlaryny satmakda-da ulanylýar.

Eýsem, «Trade–in»-iň söwda ýörelgesiniň artykmaçlyklary nämede? Ilki bilen, bu söwda programmasy wagty we sarp edilýän güýji tygşytlaýar. Mundan başga-da, haçanda siz köne zady satyp, täze bir zat satyn aljak bolanyňyzda, onuň hödürleýän mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz. Bu ýagdaýda, geleşikden soň alyjy köne önümden dessine dynmak üçin täze önüm almakçy bolýar. Özüňizde alyjylary gözlemäge wagt ýa-da isleg ýok wagtynda bu söwda programmasyndan peýdalanmak has amatlydyr (bu gozgalmaýan emläk we awtoulag satylanda has möhümdir). Bu ýagdaýda hünärmenler siziň üçin hemme zady ederler. «Trade–in» söwda ýörelgesi yzygiderli täzelenýän model diapazony bolan önümler satyn alnanda, ýagny smartfonlaryň, awtoulaglaryň, kompýuterleriň we ş.m-leriň söwdasynda iňňän peýdalydyr.

«Trade–in»  söwda programmasynda satyljak zatlar has arzan bahadan alyjylara hödürlenilýär. Muňa harydyň bahasy, satyjynyň aýlygy we alynjak girdeji ýaly ýagdaýlar täsir edýär. Programmanyň ikinji bir kemçiligi haryt saýlamak mümkinçiliginiň häzirlikçe çäklidigidir. Ýagny edil häzir dükanyň baglaşan şertnama görä hödürleýän harydyny almaly bolarsyňyz. Haryt barada maglumat mümkinçiligiňiz hem çäkli bolar.

«Trade-in»-den haryt satyn almak üçin hökmany şertler:

  • harytlar üçin resminamalaryň (awtoulag, gozgalmaýan emläk, enjamlar) bolmagy;
  • gowy görkeziş we ygtybarly möhlet. Abatlap bolmaýan tehnikalar kabul edilmeýär;
  • gowy tehniki ýagdaý: heläkçilikden soňky awtoulag ýa-da weýran edilen jaý ýaly bölekleýin zatlar kabul edilmez.

Ýurdumyzda «Trade–in»  söwda programmasy arkaly haryt satyn almak mümkinmi?

Hawa, bu ýörelge biziň ýurdumyzda-da meşhurlyk gazandy. Bu ulgam boýunça işleýän dükanlaryň biri hem «Dükan 41»-dir. Ol el telefonlaryny we olaryň esbaplaryny satýar. Dükanyň öz web sahypasy bar, bu ýerde diňe islenýän önümi tapmakdan başgada, eýsem, sargyt hem edip bilersiňiz. 

«Trade–in» söwdasy diňe göni ýaýlymda amala aşyrylýar. Şeýlelik bilen, «Trade–in»  söwda ýörelgesi täze harydy arzan bahadan satyn almaga mümkinçilik berýär, wagtyňy tygşytlaýar we maliýe ýitgileri, köplenç, ujypsyz bolýar.

Mundan başga-da, «Trade–in» söwda programmasy diňe bir  gozgalmaýan emläk bilen çäklenmän, täze ugurlary hem ösdürýär. Bu ýerden mebel, senagat enjamlary, oba hojalyk tehnikasy ýaly harytlary hem satmak we satyn almak mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar