Wirtual hostingiň VPS/VDS -dan name tapawudy bar?

0
8162

“Wirtual”, “hosting”, “Serwer” sözleri saýtyň işlenilip düzülmegi we ýöredilmegi bilen meşgullanmaýan adamlar üçin hem nätanyş däldir. Saýt, portal, goşundylaryň eýeleri üçin bolsa bu sözler wajyplyk boýunça ilkinji ýerde durýar diýsek ýalňyşmarys.

Saýt kadaly hereket etmekligi üçin, ony serwere ýa-da hostinga “göýbermeli”, bu ýerde saýtyň ähli maglumatlary saklanýar. Hut şu ýerde hosting we VPS/VDS -yň arasynda saýlaw meselesi ýüze çykýar. Haýsyny saýlamaly we bularyň arasynda tapawut barmyka?

Serwer öz içinde ýene birnäçe wirtual maşynlary – şahsy operasion ulgamy we resurs mukdary kiçiräk bolan serwerleri ýerleşdirip biljek, ýeterlikli derejede kuwwatly diýip göz öňüne getiriň. Ýönekeý wirtual hosting – serwer bölekleriniň kärende hyzmatydyr. Hostingda birnäçe (müňlerçe) saýtlar ýerleşdirilen, ýöne olaryň ählisi-de esasy serweriň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar, şonuň üçin ählisi “Goňşynyň” näçe sarp edendigine bagly. Eger ýaşaýyş jaýynyň kärendeligi bilen deňeşdirsek, hosting – bu köp öýli jaýda bir öýi kireýine almak ýalydyr.

VPS (Virtual Private Server) ýa-da VDS (Virtual Dedicated Server) “berlen wirtual serwer” diýmekligi aňladýar. Wps Wds-den näme tapawudy bar diýseň, hakykatda hiç tapawudy ýok, ýöne kä halatlarda wiruallaşdyrma tehnologiýasynda olaryň tapawudy getirilýär (mysal üçin, VPS KVM-da esaslanan, VDS bolsa OpenVz-da).

Onuň wirtual hostingden näme tapawudy bar: VPS/VDS -da her saýt şahsy wirtual maşynyny “goňşa” bagly bolmadyk, şahsy, garaşsyz resursly görnüşinde alýar. Şeýle serwerde saýtyň işiniň durnuklylygy, tizligi, öndürijiligi wirtual hostinge seredende birnäçe esse ýokary bolup durýar. Şeýle saýtyň eýesi (admin) PÜ, şeýle-de olaryň gurluşygyna distributiw (PÜ ýaýratmagyň görnüşleri, haýsydyr bir programmanyň gurnalmagy üçin faýllar) saýlaw erkinligini gazanýar. Ýaşaýyş jaý bilen deňeşdirme boýunça, berlen wirtual serwer – bu kottej şäherçesinde aýratyn kotteji kireýine almak ýaly.

Ýerleşdirmäniň şol ýa-da beýleki görnüşini özi üçin her saýtyň eýesiniň şahsy özi çözýär. Wirtual hostingiň artykmaçlygy – has arzan bahadan. Ol köp peýdalanylmaýan kiçiräk proýektlere laýyk bolar. 

Berlen wirtual serwer ynamly we öndürijilikli, ýöne ýeterlikli derejede gymmat, ol iri portallar üçin, internet-magazinler üçin we ş.m. amatly bolar.

Saýt eýeleri üçin VPS/VDS hyzmatlary biziň ýurdumyzda hem elýeterlidir. “Türkmentelekom” EAK wirtual hostingden bolşy ýaly berlen wirtual serwerden hem peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de “colocation” hyzmatyny hem hödürleýärler, ol öz  serweriňi “Türkmentelekomyň” otagynda awtonom energosistemasyndan we ýokary tizlikli aragatnaşyk kanallaryndan energiýa üpjünçiligi bilen ýerleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Hyzmatlaryň ähli görnüşleri we tarifler bilen tanyşmak üçin “Türkmentelekomyň” resmi saýtyna geçip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar