Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary kime we haýsy ýagdaýda berilýär? (dowamy)

0
23922

Bildirişiň başy:

Kime we haýsy ýagdaýda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär 

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary kime we haýsy ýagdaýda berilýär?

Waglaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi nähili görnüşde hasaplanylýar?

Waglaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 131-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde hasaplanan orta aýlyk we orta günlük zähmet hakynyň we  wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň kalendar/senenama günlerindäki dowamlylygy esasynda hasaplanylýar. 

Orta aýlyk zähmet hakynyň hasaby çykarylanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatanjy boýunça hasaplanýan zähmet haklarynyň ähli görnüşi şol sanda utgaşdyrma boýunça işi üçin zähmet hakyndan başga zähmet rugsadynyň töleg jemi, şeýle-de zähmet töleginiň hereket edýän ulgamy tarapyndan şertlendirilmedik tölegler hem göz öňünde tutulýar. 

Orta günlük zähmet haky orta aýlyk zähmet hakynyň 29,7-ä bölmeklik bilen hasaby çykarylýar. 

Döwlet kömek pullarynyň hasaplanmasy işgärleriň iş ýagdaýyna zyýan ýetirmeýän bolsa, wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolmagyndan öňki gelýän aýyň işiň soňky iki senenama aýynyň orta aý we orta günlük zähmet hakynyň esasynda amala aşyrylyp bilner. 

Ýyllyk iş netijesi boýunça maddy sylag zähmet hakynyň orta aýlyk möçberinde göz öňünde tutulýar, şol döwrüň (kwartal, ýyl) aýlaryň sanyna onuň umumy jemine bölmek bilen kesgitlenilýär. 

Zähmet haky alynýan döwründe işgär grafika boýunça käbir günleri işlemedik bolsa, her aýlaryň sylagynyň orta aýlyk jemi işlenilen döwre  deň ölçegde göz öňünde tutulýar.

Döwlet kömek pullarynyň möçberiniň hasaplanmagy üçin kabul edilýän işgäriň öň kesellän döwründe wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny eýýäm alan ýa-da zähmet hakynyň  saklanmasyz zähmet rugsadynda bolan bolsa ýa-da beýleki ýagdaýlar bar bolsa, waglaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary işçä hakykatda hasabyna goşulan zähmet hakyndan we bu döwüriň dowamynda hakykatda işlän wagtyna ugurlanyp bellenen tertipde hasaplanylýar.

Eger işçiniň döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän döwürde işlenilen aýlar bolmadyk ýagdaýynda we zähmet haky hasabyna geçirilmedik bolsa (uzak wagtly zähmete ukypsyzlyk, işsiz durmaklyk sebäpli zähmet haky saklanmazdan zähmet rugsady we ş.m.), wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwlet kömek puly bellenen wezipe zähmet hakynyň hasabyndan zähmete ukypsyzlyk hakyny getiren gününe hasaplanylýar. 

Başga ýagdaýlarda (zähmete potratlaýyn hak töleme we beýlekiler) aýlyk döwlet kömek puly Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary tarapyndan kesgitlenen kiçi zähmet hakyndan pes bolmaly däldir. 

Gaýtadan kabul eden ýa-da özüniň zähmet işini togtadan şahslar üçin, şeýle-de çaga seretmek boýunça zähmet rugsadyna çykan we döwlet kömek puluny hasaplamak üçin göz öňünde tutulan wagt işlän işçiler üçin hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň hasaby meňzeş tertipde alnyp barylýar.

Wagtlaýyn usulda işini ýerine ýetirýän işçiniň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň hasabynyň çykarylmagynda sagatlyk orta zähmet hakynyň (orta sagatlyk zähmet haky) hasaby ýüze çykarylýar.  Orta sagatlyk zähmet haky zähmete ukypsyz bolan aýyndan öňki döwürde döwlet kömek pullarynyň hasabyny çykarmak üçin kabul edilen döwürde hakykatda işlän, ýöne bellenen wahta dowamlylygyndan geçmezden ähli sagatlary üçin zähmet hakynyň umumy jeminiň bu sagatlaryň sanyna bölmeklik bilen kesgitlenilýär. Döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasap çykarmasy işçiniň orta sagat zähmet hakynyň we wahtada iş grafigi boýunça iş sagatlarynda wagtlaýyn zähmete ukypsyz döwrüniň dowamlylygynda amala aşyrylýar. 

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almak üçin nirä ýüz tutmaly?

1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwlet kömek pullary raýatlaryň esasy iş (gulluk) ýerinden tölenilýär.

2. Daşary ýurt döwletiň bejeriş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk  hatynyň esasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň bellenen haty tassyklamagynda (çalyşmagynda) berilýär.

Zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary haýsy ýagdaýlarda berilmeýär:

  • Kanuna garşy hereketler edilen ýagdaýynda;
  • Öz saglygyna ýa-da hossarlygyndaky şahslara bilkastlaýyn zyýan ýetiren ýagdaýynda;
  • Alkogol, narkotiki ýagdaýda ýa-da toksiki serhoşluk ýagdaýynda.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar