Top.Mail.Ru

«Röwşen aýakgaplary» ITTC-2024 sergisinde önümlerini tanyşdyrýar

17:0826.11.2024
0
12295

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly halkara sergide «Röwşen aýakgaplary» pudagyň hünärmenlerini we alyjylary önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň esasy önümleri hemişe hakyky deriden taýýarlanan aýakgaplardyr. ITTC-2024-de «Röwşen aýakgaplary» dürli görnüşli deri önümlerini hödürledi. «Türkmenhowaýollary» milli awiakompaniýa üçin öndürilen, ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan özboluşly daşlyklar hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi.

«Röwşen aýakgaplary» awtobuslar we awtoulaglar üçin daşlyklaryň nusgalaryny hem hödürläp, çözgütlerini dürli ulaglara uýgunlaşdyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Sergide port infrastrukturasynyň işgärleri üçin ýöriteleşdirilen, howpsuzlygyň we rahatlygyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän aýakgaplara möhüm orun berildi.

ITTC-2024 sergisine gatnaşmak «Röwşen aýakgaplary» kompaniýasyna diňe bir önümçilik mümkinçiligini görkezmäge däl-de, eýsem, ýokary hilli deri önümlerini öndürýän ygtybarly türkmen öndürijisi hökmünde abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň