Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BAE-den gelen ministrler bilen duşuşyk geçirdi

08:0026.11.2024
0
10626

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar BAE-de Türkmenistan bilen döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň mähirli salamyny, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Öz nobatynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem BAE-niň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň bu ýurt bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy bellenip geçildi. Şeýle-de iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwatynyň hem-de geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň "ADNOС" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň