Aşgabatdaky «Täze Ýyl Harytlary Adat» dükanynda baýramçylyk kolleksiýasynyň açylmagy bilen, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky möwsüme gadam basyldy. Bu ýöriteleşdirilen dükan alyjylara ajaýyp baýramçylyk bezegleriniň we dekorynyň haýran galdyryjy assortimentini hödürläp, Täze ýyl täsinliginiň hakyky merkezine öwrüldi.
Bu ýyl dükan giňeldilen kolleksiýany hödürledi. Onda islendik gurşawda baýramçylyk interýeriniň merkezine öwrülip bilýän dürli ululykdaky we dizaýnly Täze ýyl arçalary bar. Şarlaryň, çyrajyklaryň, zerleriň, heýkeljikleriň we beýleki Täze ýyl esbaplarynyň köpdürli görnüşi hyýalyňyzdaky dizaýn ideýalaryňyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.
«Dükanymyz şäher ilaty üçin hakyky baýramçylyk ruhunyň çeşmesine öwrüldi. Bu ýyl bizden her bir myhman öz gözleýän zadyny dessine tapyp biler ýaly amatly öý bezegi bolsun ýa-da söwda merkezi üçin uly bezegler bolsun, assortimenti görnetin derejede giňeltdik» diýip «Täze Ýyl Harytlary Adatyň» wekili pikirini paýlaşýar.
Hytaýdan we Ýewropadan göni üpjün etmegiň netijesinde, dükan häzirki möwsümleýin täze önümleri elýeterli bahalardan hödürleýär. Tejribeli geňeşçi satyjylar hem adaty alyjylar, hem-de jaýlaryň uly göwrümli bezegini meýilleşdirýän korporatiw müşderiler üçin iň amatly çözgütleri saýlamaga kömek ederler.
Dükanyň özboluşly aýratynlygy bolsa, onuň bölekleýin we lomaý satyn alýan müşderiler bilen işleýänligi bolup durýar. Bu bolsa dükanyň öz jaýlary üçin baýramçylyk bezeglerini meýilleşdirýän restoranlaryň, dükanlaryň we ofisleriň dolandyryjylary üçin haryt satyn almakda amatly ýerdigine güwä geçýär.
Ýetip gelýän baýramçylygyň täsin atmosferasyna aralaşmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz:
- 30-njy kiçi etrapça, A.Annaýew köçesi (ozalky Ostrowskiý), «Medet» binasy.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz: (+993 63) 02 02 40, (+993 62) 85 18 81. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
«Täze Ýyl Harytlary Adat» dükany bilen ýatdan çykmajak Täze ýyl atmosferasyny dörediň!