Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň Ylmyň federal býujet edarasynyň ýolbaşçylar düzüminden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli federal gullugyň arasynda ýokançlara garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bilermenler toparynyň saparda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek we ýurtda birnäçe ýokançlara ilatyň populýasion goraýjylyk ukybyna baha bermek üçin barlag işini geçirmek meýilleşdirilýär. Baha beriş-barlag işiniň netijeleri öňüni alyş, şol sanda sanjym işlerini kämilleşdirmek ýaly çäreleri meýilnamalaşdyrmak üçin epidemiologik ýagdaýy çaklamak babatda zerur bolan maglumatlaryň esasyny düzer.