ABŞ-da toý dabarasyna çagyrylan adamlaryň tas ählisiniň diýen ýaly gelmändigi gelinligiň gynançdan gözýaş dökmegine sebäp boldy diýip, NDTV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Kalina Mari atly gelinlik sosial ulgamdaky sahypasynda durmuşa çykýan ýigidi Şeýn ikisiniň boş zala girişleriniň, ol ýerde bolsa bäş sany adamyň oturandygynyň wideosyny ýerleşdirdi. Çatynjalar ýeke-täk tesellileriniň özlerini nikadan geçişlige ugradan ogullarynyň bolandygyny aýdýarlar. Mari toýa 100 adam çagyrandygyny, olaryň gelmändigini, her niçigem bolsa toýy dowam etmek kararyna gelendiklerini gürrüň berdi. Emma ol barybir toýuna gelmedik adamlardan gaty öýkeländigini hem-de olara gahar edýändigini boýun aldy.
Öň Hytaýda öýlenýän ýigit 100 sany stol bezäp, toýuna bir müň adam çagyrdy, emma olaryň hiç birem gelmedi diýlip, habarda aýdylýar.