Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň telekeçilerini we dokma pudagynyň wekillerini BHARAT TEX 2024 atly iri halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre 2025-nji ýylyň 14-17-nji fewralynda Täze-Delhide geçiriler, bu barada TSTB-nyň web-saýty habar berýär.
BHARAT TEX 2024 sergisi Hindistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan guralýar. Sergi dokma pudagynda iň iri çäreleriň biri hasaplanýar. Onuň maksatnamasy G2G we B2B duşuşyklaryny, tegelek stollary, tematiki sessiýalary we beýleki çäreleri öz içine alýar.
Çärä gatnaşyjylar üçin täze tehnologiýalar we innowasion çözgütler bilen tanyşmak, halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlar tapmak ýaly giň mümkinçilikler dörediler.