Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň suratkeş zenanlary Aşgabatda talyplary öz sungat eserleri bilen tanyşdyrdylar

13:2908.11.2024
0
22643

Eýranly miniýatura suratlaryny döretmekde ussatlaryň biri Saýede Haşemi we altyn çaýma sungatynyň ussady Najme Hosseýni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndaky talyplar bilen duşuşyp, olary öz döredijilik işleri bilen tanyşdyrdylar.

Şu günler paýtagtymyzda Eýranyň suratkeşleriniň sergisi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary üçin eýranly sungat wekilleriniň ussatlyk sapaklary geçirilýär – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu çäre Türkmenistan bilen Eýranyň medeniýet we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde geçirilýär.

Eýrandan gelen myhmanlar türkmen ýaşlaryna Eýranyň miniatýura sungatynyň ajaýyp dünýäsini açyp, olar bilen öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşýarlar.

Sapaklarda talyplar gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli saklanyp galan dürli usullary we materiallary öwrenýärler. Okuw nazaryýet hem tejribe sapaklaryna bölünip, olarda talyplar sapakda öwrenen zatlaryny tejribede ulanyp görýärler. Ussatlyk sapaklary tamamlanandan soň talyplaryň işleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär.

Örän gadymy we gaýtalanmajak sungat hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Eýranyň miniatýura suratkeşlik sungaty diňe bir Eýranyň baý medeni mirasyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Ýakyn Gündogaryň sungatynyň taryhy üçin möhüm ähmiýetli orun eýeleýändir.

Miniatýura suraty sungatyna doly düşünmek üçin eýran edebiýatyna, şygyrýetine we mistiki dünýä düşünmeklige belet bolmazdan asla mümkin däldir.
Najme Hosseýni bu barada şeýle gürrüň berýär:

– Men merkezi Eýranyň binagärlik özboluşlylygy bilen meşhur bolan Ispahan şäherinde altyn çaýma sungatyny öwrendim. Şol ýerde köp binalaryň bezegi altyn çaýmak bilen ýerine ýetirilýär. Bu sungat düýpli öwrenmegi, ösdürmegi hem-de täze pikirleriň döräp durmagyny talap edýän iň bir inçe sungatlaryň bir görnüşidir. Bu ugurda okamak diýseň çylşyrymly, emma örän gyzykly. Şu usulda her bir ýerine ýetirilýän iş birnäçe günläp ýa-da hepdeläp dowam edip, berjaý edilip bilner.

Eýranyň zenan sungat wekilleriniň ussatlyk sapaklary Akademiýanyň talyplarynyň bilimlerini baýlaşdyrýar, olaryň özbaşdak döredijilik taslamalaryny döretmeklige ruhlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň