Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TULM Türkiýeden Owganystana iberilýän ynsanperwerlik kömegini daşamagy dowam etdirýär

11:2506.11.2024
0
12996

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasyndan Owganystana ynsanperwerlik ýükleriň yzygiderli daşalmagyny dowam etdirip, gatnawlaryň möçberini barha artdyrýar.

2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlaryndan bäri kompaniýa Biçerowa stansiýasyndan (Izmir welaýaty, Türkiýe) Türkmenistanyň iň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek stansiýasynyň üsti bilen ösümlik ýagy ýüklenen wagonlary kabul edip gelýär. Bu stansiýada ýükler türk wagonlaryndan düşürilip, ol GDA-nyň wagonlaryna geçirilýär we soňra Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna iberilýär.

Bellemeli zat, «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2021-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlaryndan bäri Türkiýäniň dürli stansiýalaryndan iberilýän ynsanperwerlik ýükleri Etrek stansiýasynda kabul edip, düşürme – ýükleme işlerini amala aşyrýar. Kompaniýa geljekde hem Etrek stansiýasynyň şu maksatlar üçin bar bolan mümkinçiliklerini ulanmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň