Ispaniýadaky sil joşgunlarynda gurban bolanlaryň sany 220 adama deň boldy, häzir ýurduň günorta we gündogar etraplarynda gözleg hem-de ýykylan binalary arassalamak işleri dowam edýär. Heläkçilik zolagynda azyndan 6,7 müň harby gullukçy we milli polisiýanyň hem-de raýat goşunynyň 6 müň işgäri ýykylan binalary arassalamak işlerine gatnaşýar.
Walensiýadan başga tebigy heläkçilik Barselona hem urgy etdi. Sosial ulgamlarda şäheriň El-Prat howa menzilini suw basýandygynyň wideogörnüşleri ýerleşdirildi.
Giň möçberli daşgyndan 4100 gektar ýer we 3906 bina, şeýle hem 60 müňden gowrak adam, demir ýoluň 15,2 kilometri, gara ýollaryň 531,6 kilometri ejir çekdi. Bu barada Ýewropanyň «Copernicus» uzak aralykdan barlamak we Ýeriň kartografiýasy gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.