Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär

23:4301.11.2024
1
22635

Aşgabatda 13 – 15-nji noýabr aralygynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilmegine görä, halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş hem-de baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematografiýaçylarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

“Aşgabat” kinoteatrynda, “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde bolsa kinofestiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda daşary ýurtly kinematografiýaçylaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklary göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabatdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türki halklaryň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine ýardam berýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň