Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy boýunça maslahat geçirildi.
Ministrligiň web-saýtynyň maglumatyna görä, maslahatda «Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu ulgam bilim edaralarynyň maglumatlaryny we hyzmatlaryny bitewi ekosistema integrirlemek maksadyny göz öňünde tutýar hem-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we bilim işleriniň netijeliligini artdyrmak üçin niýetlenendir.
Sanly Bilim ulgamy (www.bilim.tm) sanly maglumatlary dolandyrmak üçin merkezi platforma bolup, ähli bilim edaralarynyň we olaryň hyzmatlarynyň bitewi sanly ulgamda birleşdirilmegini üpjün edýär. Maslahatda hödürlenen maglumatlara laýyklykda, Merkezi maglumatlar merkezi, Bilim hyzmatlary platformasy, Habarlylyk ulgamy, Bitewi bilim standarty ýaly möhüm düzümler bellenildi.
Ulgam ähli bilim edaralarynyň web-saýtlaryny we sanly infrastrukturalaryny halkara ülňülerine laýyklykda bir standartda birikdirýär.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin sanly ulgamy ösdürmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.