Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2025-nji ýylyň ýanwarynda geçjek ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçidigini habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Hawa, Olýa, gatnaşmakçy» diýip, Lukaşenko «Russiýa-1» teleýaýlymynyň «60 minut» gepleşiginiň alypbaryjysy Olga Skabeýewa bilen söhbetdeşlikde nygtady.
Belarusuň Parlamentiniň aşaky palatasy ýurduň döwlet Baştutanynyň nobatdaky saýlawlaryny öňdäki ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirmek barada karar kabul etdi. Saýlawlaryň geçiriljek wagty baradaky teklip bilen Belarusuň Merkezi saýlaw topary çykyş etdi.