Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Malaýziýanyň DIM-iniň wekili bilen duşuşyk geçirdi

17:3922.10.2024
0
13362
Türkmen ilçisi Malaýziýanyň DIM-iniň wekili bilen duşuşyk geçirdi
Surat: arzuw.news

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Şazelin Zaýnul Abidi bilen duşuşdy. Bu barada «CentralAsia.news» saýty ýazýar.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we onuň gerimini giňeltmek maksady bilen, iň ýokary derejede özara saparlary guramaga we amala aşyrmaga aýratyn üns berildi.

Taraplar görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreleriň uly ähmiýeti eýedigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň