Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan okuw maslahaty geçirildi

12:4122.10.2024
0
11462

14-18-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde döwlet edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleriniň maliýe-ykdysady bölümleriniň işgärleri üçin okuw-maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalyşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan «Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň edaralarynyň hasaba alyş syýasatyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary» atly okuw maslahaty bu guramanyň bilim maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Okuw-maslahatda maliýe-ykdysady ulgamynyň degişli hünärmenlerinden düzülen mugallymlar okuwa gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalyşyklarynyň edaralarynda hasaba alyş işlerini has-da kämilleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Okuw-maslahatynyň ahyrynda okuw maksatnamasyna degişli birnäçe meseleler boýunça sorag-jogap alşyldy, şeýle hem käbir soraglar okuwa gatnaşýanlar hem hünärmenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw çäresi oňa gatnaşanlaryň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaklaryna ýardam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň