Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Autumn» dükany öý üçin premium derejeli dokma önümlerini eltip bermek hyzmaty bilen hödürleýär

16:2521.10.2024
0
15542

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Autumn» dükany sizi öňdebaryjy türk brendleriniň kaşaň dokma önümleriniň dünýäsine çagyrýar.

Dükanyň assortimentinde tebigy materiallardan taýýarlanylan, öý üçin niýetlenen ýorgan-düşekler, halatlar, polotensalar we beýleki dokma önümleri bar. Harytlaryň reňkdar we dürli hili bezeg şekillerinde bolmagy önümleri islegiňe görä saýlamaga mümkinçilik berýär.

Dükanyň tapawutly aýratynlygy «elýeterli ýokary hil» konsepsiýasy — ýokary hilli harytlaryň elýeterli bahalardan ýetirilmegidir.

Ýeri gelende, güýz möwsüminiň bütin dowamynda müşderilere özboluşly arzanladyşlaryň hödürlenilýändigini bellemek gerek.

«Autumn» dükanyndan diňe bir öýüňiziň içini täzeçil harytlar bilen bezemek bilen çäklenmän, eýsem ýakynlaryňyza ajaýyp sowgatlyklary hem alyp bilersiňiz. Dükanyň göwnejaý maslahat berýän satyjylary öýüňizde owadan gurşawy döretmek üçin önümleri saýlamaga ýardam edýärler.

Şeýle hem «Autumn» dükany 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermek hyzmatyny ýetirýär.

Müşderiler goşmaça maglumat almak we haryt sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: (+993 65) 21 44 47, (+993 64) 22 26 79.

Habarlaşmak üçin beýleki salgylar:

  • ýerleşýän ýeri: «Aşgabat» SDAM, С-2.69 belgili dükan;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • TikTok sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň