Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Söwütli Mebel» dükany döwrebap interýer üçin ýokary hilli mebelleri hödürleýär

15:0221.10.2024
0
13443

Aşgabatdaky «Söwütli Mebel» mebel dükany rahatlyga we döwrebap stile aýratyn ähmiýet berýänleri interýerini täzelemäge çagyrýar. Dükanyň haryt görnüşleriniň hatarynda öňdebaryjy türk we Ýewropa öndürijileriniň kolleksiýalary bar.

«Söwütli Mebel» dükanyna gelýänler dürli görnüşli, şol sanda çaga otaglary üçin köptaraply we ygtybarly mebel enjamlaryny, ýatylýan otaglaryň dürli gurluşly garnituralaryny, ajaýyp ýumşak mebelleri, şeýle hem häzirki zaman we nusgawy aşhana mebellerini öz içine alýan mebel toplumlaryny saýlap bilerler.

«Biz diňe ynamdar öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýäris, şonuň üçinem önümlerimiziň ýokary hiline kepil geçip bilýäris. Ähli mebeller ekologiýa taýdan arassa materiallardan ýasalyp, ygtybarly furnitura bilen üpjün edilendir» — diýip, «Söwütli Mebeliň» wekili belleýär.

Müşderilere oňaýly bolmagyny nazarda tutup, «Söwütli Mebel» mebelleri eltip bermek we gurnamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.

«Söwütli Mebel» dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 60-njy jaý, «Ak Kenar» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 62) 13 39 33, (+993 63) 75 01 11;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň