Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi

10:4021.10.2024
0
10063

Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäheriniň döwlet teatrynyň döredijilik topary XVII asyryň lirik şahyry Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda çykyş etdi.

Sahna oýnunyň görkezilişi Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäginde bolup geçdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň ýazmagyna görä, şahyryň terjimehaly hakynda maglumat az, ýöne edebiýatşynaslaryň esasy pikirine görä, ol ýaşlygynda söýgülisini elden gidiripdir we bütin ömrüni onuň gözlegine sarp edipdir.

Spektaklda türk aktýorlarynyň ussatlygy äşgär ýüze çykdy. Şeýle-de sahnalaşdyrmagyň döwrebap tilsimleri ulanyldy. Esasan hem, baş gahrymanyň janly ýerine ýetiren aýdymlary sahna oýnuna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Sahna oýny ýygnanalarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar oýny döredijilere aýak üstünde el çarpdylar diýip, çeşme ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň