Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

11:1419.10.2024
0
23752

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň Hökümetiniň çakylygy we türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen Türkmenistany däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň