Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan 21-nji oktýabrda Russiýa sapar bilen barar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan ýerli habar beriş serişdeleri habar berdi.
BAE-niň döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer. Taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine baha bererler. Halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. BAE-niň Prezidenti şeýle hem BRIKS guramasynyň Kazan sammitine gatnaşar diýip, «Report» ýazýar.