14-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Italiýa Respublikasynyň Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki dostlukly ýurduň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyklygy göz öňünde tutulyp, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiň arasynda ýokary bilimde, ylymda we medeniýetde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny döretmegiň we hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi.
Oňa laýyklykda, taraplar daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge; daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurt dillerini okatmak boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw-usuly we ylmy-usuly gollanmalaryny, ylmy neşirleri we okuw kitaplaryny alyşmak bilen birlikde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge; professor-mugallymlary deň şertlerde alyş-çalyş etmäge, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýüz tutmagy bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti italýan dili mugallymlaryny hödürlemäge hem-de ibermäge we ş.m. birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmäge borçludyr.