Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etraby Gazagystanyň Almaty şäherine ýük otlusynyň gatnawyny ýola goýýar. Umumy bahasy 27 mln ýuana deň bolan ulag serişdeleri ýüklenen ilkinji ýük otlusy golaýda etrabyň paýtagty Urumçi şäherinden Gazagystana ýola düşdi. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.
Ýük otlusynyň ugradylmagy Sinszýandan Merkezi Aziýa ilkinji ulag otlusynyň işe girizilmegini aňladýar, bu öz gezeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýol açýar.
Hytaýdan awtoulaglary eksport etmek üçin esasy merkez bolmak bilen, Sinszýan häzirki zaman logistika zynjyryny gurmaga ymtylýar. Bu ýyl Horgos we Alaşankou sebit portlarynyň üsti bilen 83781 ulag serişdesi ugradyldy, bu geçen ýyldakydan 2,9 göterim artykdyr.