Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Wladimir Putin bilen duşuşdy

10:2312.10.2024
0
16151
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Wladimir Putin bilen duşuşdy
Surat: 1tv.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 11-nji oktýabrda "Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady" atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri rus Liderini mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadag şeýle-de Türkmenistanyň bu şanly waka gabatlanyp döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli rus Liderini gutlady.

Prezident Wladimir Putin ýokary sylag üçin hoşallyk bildirip, iri halkara forumyň ýokary guramaçylygyny hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň beýik akyldar Magtymgulynyň taglymlaryna eýermek bilen, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda edýän tagallalaryny belledi.

Duşuşygyň barşynda strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Wladimir Putiniň Aşgabatda geçirilen bu halkara foruma gatnaşmagynyň Russiýada Magtymgulynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny subut edýändigini belledi. Gahryman Arkadag medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, iki ýurtda hem özara Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini, bu çäreleriň doganlyk halklaryň has ýakynlaşmagyna goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary tarapyndan utgaşdyrylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek köpugurly türkmen-rus dialogynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Şu aýyň ahyrynda Aşgabatda bu toparyň başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň