Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa özbek diline terjime edilen «Magtymguly» kitabyny sowgat berdi

10:0212.10.2024
0
11594

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabada iş saparyny amala aşyrýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri özbek Liderini mähirli mübärekläp, Aşgabatda geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, birnäçe daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen halkara forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadag ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ünsi çekip, Türkmenistan bilen Özbegistanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine ajaýyp sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, bu goşgular ýygyndysynyň ýakyn günlerde tanyşdyryljakdygyny habar berdi hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem depginli ösdüriljekdigine we özara hormat goýmak, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň