Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Waagn Haçaturýan Serdar Berdimuhamedowa Magtymgulynyň eserleriniň ermeni dilindäki neşirini sowgat berdi

22:2011.10.2024
0
10177
Waagn Haçaturýan  Serdar Berdimuhamedowa  Magtymgulynyň eserleriniň ermeni dilindäki neşirini sowgat berdi
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabada iş saparyny amala aşyrýan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ilki bilen, ermeni kärdeşine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň çäklerinde Prezident Waagn Haçaturýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň