Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we Waagn Haçaturýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny berkitmegi maslahatlaşdylar

09:5111.10.2024
0
14304

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin gelen belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu wakanyň diňe bir döwletleriň däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň hem ünsüni çekendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ermenistan Respublikasy bilen möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Waagn Haçaturýan Aşgabada gelmäge we halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly häsiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Netijeli ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bu ulgamda, şol sanda söwda, energetika, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda iki ýurduň uly mümkinçilikleri bar. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýär. Şunda medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň, bilelikdäki döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň bu ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň