Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy

21:3610.10.2024
0
14499

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gurlan “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu açylyşlar saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Soňky ýyllarda ýurduň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagt şäher Aşgabatda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurduň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda ýurduň tebigy aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtyň ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň