Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Euronews.com» Türkmenistanyň medeni mirasy barada makala çap etdi

11:3609.10.2024
0
6815
«Euronews.com» Türkmenistanyň medeni mirasy barada makala çap etdi
Surat: ru.euronews.com

Ýewropanyň meşhur «Euronews.com» saýty «Türkmenistanyň ruhy dünýäsi: bu topragyň mirasyna we legendalaryna düşünmek» ady bilen göwrümli makala çap etdi. Onda türkmen halkynyň IX asyrdan bäri Merkezi Aziýanyň syýasy, ykdysady durmuşynda, sungatynda we medeniýetinde uly orun eýeleýändigi bellenýär.

Makalada türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň has möhüm nyşanlary hökmünde ahalteke bedewlerine, olaryň gözelligine, ýyndamlygyna hem-de taryhyna üns çekilýär. Atlaryň bu tohumynyň mundan 3 müň ýyl töweregi ozal Ahal sebitinde kemala gelendigi ýazylýar.

Wepaly alabaý itleri türkmen halkynyň çopançylyk däpleriniň nyşanydyr diýlip, makalada nygtalýar. Edil ahalteke bedewleriniňki ýaly, alabaýlaryň hem hormatyna baýramçylyk ýurduň şanly seneleriniň sanawynda orun eýeleýär.

Halyçylyk türkmen zenanlarynyň hünäri bolup, asyrlarboýy eneden gyza geçip gelýän sungatdyr. Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilendir. Her ýyl maý aýynda Türkmen halysynyň baýramynyň bellenip geçilmegi türkmen zenanlarynyň bu sungatyna goýulýan çäksiz hormatdan nyşandyr.

Türkmen halky üçin XVIII asyrda ýaşap geçen şahyr Magtymguly Pyragynyň söz mirasy aýratyn gymmatlydyr. Onuň ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik, watansöýüjilik we söýgi baradaky şygyrlary halkyň milli buýsanjydyr. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan birgiden medeni çäreleri geçirdi we geçirmegi dowam edýär.

«Bu sanalyp geçilen oba hojalyk we çeperçilik däpleri halkyň medeni özboluşlylygyny açyp görkezýär. Ahalteke bedewleri, alabaý itler, türkmen halysy milli özboluşlylygyň möhüm ugurlary bolsa, Pyragynyň goşgulary Türkmenistanyň halkynyň içki ruhy gözelligini açyp görkezýär» diýlip, makalanyň ahyrynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň