Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň Prezidenti 10-13-nji oktýabrda Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

14:0008.10.2024
0
11111

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 10— 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.

Mongoliýanyň döwlet Baştutany Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi gepleşikleri geçirer. Olarda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi we ösdürilmegi barada pikir alşylar.

Mongoliýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu döwlet sapary 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri, iň ýokary derejedäki ilkinji sapardyr.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Aşgabada saparynyň çäginde hormatly myhman hökmünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň