Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Putin 11-nji oktýabrda Aşgabada sapar bilen geler

23:5007.10.2024
0
9232

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geler. Bu barada rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine salgylanyp, «Interfaks» habar berdi.

«11-nji oktýabrda Prezident W.Putin Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrar. Wladimir Wladimirowiç Putin «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar. Bu forum beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar» diýip, Ý.Uşakow belledi.

Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda we halkara derejede giňden bellenilýändigine ünsi çekip, ýokarda agzalan foruma gatnaşmak üçin Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Özbegistan we käbir beýleki ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň çagyrylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ý.Uşakowyň aýtmagyna görä, Prezident W.Putiniň Aşgabatdaky forumyň dowamynda birmäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirmegi mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň