Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Täjigistan Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler, ýurduň ykdysady ösüşinde ýetilen belent sepgitler, şeýle hem dünýäde at-abraýynyň yzygiderli berkemegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly şahsy goşant goşýandygyny hem-de aýratyn üns berýändigini belläp, türkmen-täjik doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine geljekde-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.