Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Haldiýanyň» baş tälimçisi «Altyn asyryň» halypasyny Aleks Fergýusona deňedi

01:1202.10.2024
0
10540

Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparynyň baş tälimçisi Ali Aşur AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawyndan orun alan «Altyn asyra» garşy oýnuň öňüsyrasynda türkmen toparynyň baş tälimçisi bilen meşhur Aleks Fergýusonyň arasyndaky meňzeşlik baradaky pikirlerini paýlaşdy diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy ýazýar.

Oýundan öňki metbugat ýygnanyşygynda Ali Aşur türkmen toparynyň baş tälimçisiniň eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri, bu kluba halypalyk edýändigine ünsi çekip, ony «Türkmenistanyň Aleks Fergýusony» diýip atlandyrdy.

«Altyn asyr» — beýik klub. Men bu toparyň oýnuny, baş tälimçisini gowy görýärin. Ol soňky onýyllygyň dowamynda (üznüksiz) topary türgenleşdirip gelýär. Meniň pikirimçe, ol Türkmenistan üçin Aleks Fergýusona meňzeýär» diýip, Ali Aşur belledi.

Bahreýli tälimçi tertipli goragyň we ýokary basyşly hüjümiň «Altyn asyryň» güýçli taraplarydygyny nygtady. Ol şeýle-de toparyň käbir oýunçylaryna-da ýokary baha berdi: «Kapitan Oraz Ataýewi aýratyn görkezmek bolar. Ol oňat paslary berip bilýän ajaýyp oýunçy. Maňa Myrat Annaýewiň oýny hem ýaraýar. Ol fantastiki futbolçy. Şeýle-de hüjüme tiz-tiz goşulmagy gowy görýän ýarymgoragçy Selim Nurmyradowy hem belläp geçmek gerek».

Mundan başga-da, Ali Aşur öz toparynyň oýna taýýarlygy barada hem durup geçdi: «Uýgunlaşmaly ýeke-täk zadymyz – emeli meýdançada oýnamak. Biz beýle meýdançada soňky gezek 15-20 ýyl mundan ozal oýnapdyk». Ýöne ol muňa garamazdan, öz şägirtlerine uly ynam bildirýändigini belledi: «Biziň oýunçylarymyz güýçli mentalitete eýe we oňat taýýarlyk gördüler. Men olaryň öňdäki oýunda oňyn netije görkezjeklerine bil baglaýaryn».

«Al-Haldiýanyň» hüjümçisi Mohamed Adel toparyň oýna taýýarlygy barada şeýle pikir bildirdi: «Biziň esasy wezipämiz baş tälimçiniň saýlan strategiýasyna we taktikasyna eýermekdir. Biz ýeňşe ynanýarys we munuň üçin mümkin bolan ähli zady ederis».

Ýeri gelende bellesek, «Al-Haldiýanyň» şikes alan üç sany oýunçysy bu oýna gatnaşyp bilmez. Şeýle-de bolsa, Ali Aşur toparyň oýna doly taýýardygyny aýtdy: «Biz bu ýere 28 oýunçy bilen geldik we olaryň ählisine bil baglaýarys. Bu futbol, şonuň üçinem şikesler gutulgysyz».

Ali Aşur sözüniň ahyrynda oňat garşy alnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi: «Men bizi oňat garşy alandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine we «Altyn asyr» futbol klubynyň wekillerine minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Biz şeýle ajaýyp ýurda, ajaýyp adamlaryň arasyna gelendigimize begenýäris».

«Altyn asyr» — «Al-Haldiýa» oýny 2-nji oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň