Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady

09:5001.10.2024
0
5508

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana hem-de ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen durmuşyň ähli ugurlarynda ynamly öňe barýandygyny, bu şanly baýramy durmuş-ykdysady ösüşdäki, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky, halkara giňişlikde abraýyny berkitmekdäki uly üstünlikler bilen garşylaýandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin we strategik häsiýetli gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşdirilendigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtap, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň