Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polşada bentleri gazýan samyrlara garşy göreş yglan edildi

10:0024.09.2024
0
6102
Polşada bentleri gazýan samyrlara garşy göreş yglan edildi
Surat: report.az

Polşada samyrlar sebitlerde sil joşgunlaryna garşy göreşmek üçin gurulýan gaçylary köwüp zyýan ýetirýärler. Bu mesele tiz çözgüdi talap edýär.

Bu barada Polşanyň Premýer-ministri Donald Tuskuň ýurduň Wroslaw diýen ýerinde suw joşmalaryna garşy göreş merkezinde aýdan sözlerini «Onet» neşiri getirdi diýip, «Report» ýazýar.

Tusk samyrlara garşy göreşiň kanun esasynda bolmalydygyny nygtady, onuň sözlerine görä, sil joşmalaryna garşy emeli raýyşlary haýwanlaryň gazmagyndan goramak häkimiýetleriň hökmany borjy bolup durýar.

Polşa günorta, günbatar we günorta-günbatar etraplarda güýçli ýagynlar sebäpli çynlakaý sil joşmalaryna uçrady. Uzaga çeken çabgalaryň netijelerini aradan aýyrmak üçin 26 müň harby esgeri işe çekmeli boldy. Sil joşgunlary soňky

30 ýylda iň güýçli diýlip bahalanýar. Ýurduň 28 etrabynda tebigy betbagtçylyk düzgüni yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň