Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan oktýabr aýynda Türkmenistana sapar bilen geler. Ol Aşgabatda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli halkara foruma gatnaşar. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň sözlerine salgylanyp, HHM habar berýär.
Beýan edilişi ýaly, ilçi bu saparyň Ýerewan bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistanyň möhüm hyzmatdaşydygyny, iki ýurduň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy. Özara düşünişmek we ynam esasynda döredilen bu gatnaşyklar söwda, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
Ilçi öz döwletiniň Baştutanynyň bu saparynyň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm tapgyr boljakdygyny we özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy diýlip, çeşmede bellenilýär.