Özbegistanda mundan 400 ýyl öň ýaşan gazak serkerdesi Tokmanbaýyň gadymy aramgähi tapyldy. Bu barada «24KZ» portalyna salgylanýan «Daryo.uz» ýazýar.
XVI asyrda Tokmanbaý Kasym hanyň permany boýunça Samarkanda Şeýbanileriň döwletine kömek bermek we ýörite atly goşuny döretmek üçin gelipdir.
Ubaýdylla hanyň ýurdy dolandyran döwründe gozgalaň başlanýar we onuň tarapdarlary Kasym hana kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Han Tokmanbaýyň serkerdeliginde gazak-naýmanlardan goşun iberipdir.
Emma Tokmanbaý Samarkantda tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Ölmezinden öň ol ogullaryna we dogan-garyndaşlaryna özüni Samarkantda ýerlemegi wesýet edipdir. XVII asyryň başynda ýörite aramgäh gurlup, serkerde şol ýerde ýerlenipdir.
Özbek taryhçylary Tokmanbaýyň diňe harby serkerde bolman, barly adam bolandygyny belleýärler. Ol atlar barada köp zatlar bilensoň, Şeýbanileriň hökümdary ondan ýörite atly goşun döredip bermegi haýyş edip ýüz tutupdyr.