Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5529.08.2024
0
9394

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby pars diline terjime edildi, Eýranyň Prezidenti Aşgabatda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli foruma gatnaşar, Türkmenistanyň wekili Pariždäki Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu kitabynda ejesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly beýan edilýär we türkmen medeniýetiniň möhüm taraplary açylyp görkezilýär. Onda awtor halk döredijiligine, tymsallara we rowaýatlara ýüzlenip, terbiýe bilen watançylygyň arabaglanyşygyny nygtaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow terjime edilen « kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, enelerimize belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi. Ol ene-ata hormat goýmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbidigini nygtady.

2. Masud Pezeşkian beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul etdi. Çäre 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köp asyrlyk gatnaşyklary berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Aýatolla Hameneýi Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşine ýokary baha berdi. Öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, Tährana amala aşyrylýan şu gezekki iş saparyň bu gatnaşyklaryň strategik ähmiýetiniň subutnamasydygyny belledi.

4. Türkmenistan Tatarystan Respublikasyna sement we beýleki gurluşyk serişdelerini ibermäge taýyn. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-tatarystan iş toparynyň dokuzynjy mejlisiniň dowamynda aýtdy. Joraýewiň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda her biriniň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüme deň bolan 2 sany sement zawody işe girizildi.

5. Türkmenistanda pagta ýygnamakdan takmynan 240 müň tonna galyndy kagyz öndürmek üçin gaýtadan işlener diýlip garaşylýar. Ýerli çig maldan, ýagny oba hojalyk we dokma önümleriniň galyndylaryndan gaýtadan işlenýän kagyzyň öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäginde ýola goýulýar. Bu bolsa ýokary derejeli kagyz we kitap öndürmek üçin aklygy 85 göterimden gowrak bolan kagyz önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

6. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň wekiliýeti Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geljekki ýolbeletleriň sebitleýin okuwyna gatnaşmak üçin Gazagystana ugrady. Türkmen wekiliýetiniň düzümine alty talyp we bir mugallym girdi.

Dünýäde

7. Los-Anjelesde geçiriljek bäsleşikli söwdada (auksiona) «Dostlar» serialy döredilende ulanylan esbaplaryň toplumy, şol sanda «Central Perk» kofe dükanyndaky meşhur diwanyň nusgasy satuwa çykarylar. Onuň bahasynyň 3000 ABŞ dollaryna ýetip biljekdigi çak edilýär. Auksionda meşhur sitkom surata düşürilende ulanylan ýüzden gowrak ýadygärlik esbap satuwa çykarylar. Lotlaryň arasynda Rossyň öýündäki goşlar hem bolar. Esasan hem gyzyl agaçdan tekje we Marokko äheňindäki oturmak üçin tegelek ýassyk aýratyn gyzyklanma döredýär.

8. Oýnawaç öndüriji «Lego» kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa materiallara geçmek baradaky meýilnamasyny yglan etdi. 2026-njy ýyla çenli kompaniýa plastik bölekleriniň ýarysyny täzelenýän ýa-da gaýtadan işlenen materiallardan ýasamagy maksat edinýär. Bu ädim «Lego» kompaniýasynyň 2032-nji ýyla çenli gazylyp alynýan serişdeleri ulanmakdan bütinleý ýüz öwürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Alternatiw materiallara geçmegiň önümçilik çykdajylaryny ýokarlandyrjakdygyna garamazdan, kompaniýa müşderiler üçin bahalary ýokarlandyrmazdan, durnuklylyga maýa goýmaga taýýardyr. Bu maksada ýetmek üçin «Lego» ekologiýa taýdan arassa çig mal öndürijiler bilen uzakmöhletleýin şertnamalar baglaşmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa eýýäm nebit önümleriniň ornuny tutýan iň amatly önümi gözlemek üçin 600-den gowrak alternatiw materialy synagdan geçirdi.

Sport habarlary

9. Parižde XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlary badalga aldy, oňa Türkmenistanyň wekili Maýagözel Ekeýewa gatnaşar. Tejribeli 38 ýaşly türgen 8-nji sentýabrda parapauerliftingi boýunça 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. Ekeýewa Paralimpiýa oýunlarynda ýaryşmak tejribesi bolan halkara derejeli sport ussadydyr. Ol 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda 105 kilogram agramly ştangany göterip, 73 kilograma çenli agram derejesinde bäşinji orny eýeledi. Bu gezek türgen has agyr agram derejesine geçdi, bu derejede onuň iň gowy netijesi 115 kg.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň