Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň logistika korporasiýasynyň baş müdiri bilen duşuşyk geçirildi

18:4723.08.2024
0
8823

23-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda taraplar wagtyň synagyndan geçen türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösüdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da, ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ünsi çekmek bilen, ykdysadyýet ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçly ulag syýasatyny nazara almak bilen, söhbetdeşler sebitiň ýurtlarynyň has gowy ykdysady integrasiýasy üçin üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny köpeltmegi, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegi, port infrastrukturasyny işjeňleşdirmegi öz içine almak bilen, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň