Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar ilkinji klonlanan taýjagaz döretdiler

17:4823.08.2024
0
12615
Alymlar ilkinji klonlanan taýjagaz döretdiler
Surat: vfokuse.mail.ru

Peru döwletiniň Toribio Rodriges de Medosa milli uniwersitetiniň alymlary paso tohumyndan klonlama usuly arkaly taýjagaz aldylar. Bu barada «RPP» radioýaýlymyna salgylanýan «Mail.ru» habar berdi.

Taýçanagy somatiki öýjükleriň ýadrosyny geçirmek usulynyň kömegi bilen almak başartdy. Doktor Uilýam Bardeýlsiň aýtmagyna görä, taýçanagyň ýagdaýy oňat. Alymlar täze tehnologiýany jemgyýet üçin elýeterli etmek isleýärler, ol tebigaty goramak maksady taýdan peýdaly bolar.

Alymlar klonlaşdyrylan taýjagazyň dünýä inmeginiň peru atlarynyň görnüşini goramakda we ösdürmekde uly goşant boljakdygyny belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň