Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lucara» kompaniýasy dünýäde göwrümi boýunça ikinji uly almazy gazyp aldy

13:3623.08.2024
0
7135
«Lucara» kompaniýasy dünýäde göwrümi boýunça ikinji uly almazy gazyp aldy
Surat: report.az

Kanadanyň «Lucara Diamond Corp.» kompaniýasy rentgen şöhlesiniň kömegi bilen Botswananyň Karowe käninden agramy 2492 karat ( karat — 0,2 grama barabar ölçeg daşy) bolan almaz gazyp aldy.

Bu barada kompaniýanyň ýaýradan habaryna salgylanýan «Report» habar berdi.

Tapyndynyň häzire çenli ele salnan ikinji uly almazdygy habarda bellenýär. Gymmatbaha daşyň iň ulusy – agramy 3106 karat bolan «Cullinan» almazy Günorta Afrikada mundan 120 ýyl töweregi öň tapylypdy.

Karowe käni äpet gymmatly daşlary bilen meşhurdyr. 2015-nji ýylda «Lucara» kompaniýasy ol ýerde «Lesedi La Rona» (1109 karat) almazyny tapdy, ol şol wagt dünýäde göwrümi babatda ikinjidi. Ony 53 mln dollara satdylar. Bu ýerden tapylan we agramy 813 karat bolan başga bir almaz daşy bolsa, rekord nyrha, ýagny 63 mln dollara satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň